milli goshun logo
«Türkmenistan Bitarap» / Nurgeldi Ilgeldiýew
«Türkmenistan Bitarap» / Nurgeldi Ilgeldiýew
09.01.2020 151990 Bäsleşik

Berkararlyk bagtyýarlyk binýady,

Ýeňişlere rowan bedewleň bady,

Dünýä dolýar bu gün türkmeniň ady,

Ýaşa sen, rowaçlan, Bitarap Watan!

Her ynsanyň rahat alýan demi bar,

Parahatlyk, asudalyk heňi bar,

Ylym-bilim, ösüş belende galýar,

Ýaşa sen, rowaçlan, Bitarap Watan!

Bitaraplyk Watanymyň sarpasy,

Taryhdan gaýdandyr geçmiş, arkasy,

Geljegi dowamat, ýagty ertesi,

Ýaşa sen, rowaçlan, Bitarap Watan!

Arkadagym bilen barýarys öňe,

Her wagtymyz beslenýär bagtly güne,

Ýeňişler ýarandyr türkmene diňe,

Geljegiň beýikdir, Bitarap Watan!

Nurgeldi Ilgeldiýew,

Aşgabat şäherindaki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 1 ýyl talyby.