milli goshun logo
Türkmeniň Keýmir ogly
Türkmeniň Keýmir ogly
21.09.2018 23712 Harby Taryh

Halkymyzyň baý taryhy bar. Baý taryhy ýoluň şanly-şöhratly sahypalary bilen bir hatarda hupbatly geçen pursatlary-da az däl. Galagoply ýyllaryň şowsuzlyklary halkdan gahrymanlaryň ýüze çykmagyny talap edýär. Halky kynçylyklardan goramagy başaran gahrymanlarymyzyň sanardan känligi onuň ömrüniň uzak bolmagynyň binýady bolupdyr. Keýmir kör ady bilen ençeme rowaýatlaryň gahrymanyna öwrülen şahsyýet hem hut şeýle gahrymanlaryň biridir. Halk beýle gahrymanlaryny hiç wagt hakydasyndan çykarmaýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde «Türkmenistanyň Garaşsyzlyk seýilgähi» döredildi. Seýilgähdäki hormatlanylmaga mynasyp şahsyýetleriň heýkelleriniň arasynda türkmeniň gerçek ogly serkerde Keýmir serdaryň heýkeliniň dikeldilmegi hem biziň söhbete girişmegimiziň baş badalgasydyr.

Keýmir serdar dogrusyndaky söhbedimizi Suhanberdi Annagurbanowyň «Suhanberdi aganyň söhbeti, teke türkmenleri we beýleki taýpalar barada kyssa» atly taryhy golýazmasyna salgylanmak bilen başlalyň. Golýazmada XIV asyrda teke türkmenleriniň Garagumda öz oturymly mekanlaryny döredendigi barada aýdylýar. Beýan edilişine görä, teke türkmenleri şol döwürde Garagum çöllüginde öz gözegçiliklerini ýola goýup, hüşgärlik bilen goranmagy başarypdyrlar. Horezm hanlygy bilen goňşuçylykda agzybir we ylalaşykly ýaşapdyrlar. Döwletýar han 35 ýyl halkyna adyllyk bilen ýolbaşçylyk edip, dünýäden gaýdýar. Onuň ornuna ogly Aman han çarwa tekelerine ýolbaşçy saýlanýar. Aman han döwründe halk baýap, asuda ýaşapdyr. Öz mekanlarynyň çägini giňeldip, Aman han ilata birnäçe ýyllap ýolbaşçylyk edýär. Teýmirleň Horezm ýurduny basyp almaga barýarka (takmyman 1372ý.), onuň ýoly Aman hanyň mekanynyň üstünden düşýär. Teýmirleň Aman hana abaý-syýasat edip, şeýleräk mazmunly jogap alypdyr:

– Biz türkmenler bir asyrdan gowrak wagt bäri Hydyr gören Garagumyň perzentleridiris. Garagumyň gurdudyrys. Horezm ýurdunyň baştutany bilen ylalaşdyk, wadalaşdyk, wadamyza wepaly boljakdygymyza söz berip, lebiz etdik. Wadasynda durmadyk nem-bez (nesilsiz) bolar. Biz syýasatly haýbatlardan däl-de, Hakdan, dogry sözden gorkýarys. Türkmende «Adamyň eti haram, lebzi halal» diýlen pähim bardyr. Lebzimizi ýuwdup bilmeris.

Bu sözüň soňunyň söweşe ýazjakdygy düşnükli. Garagumda gazaply söweş bolupdyr. Lebzine wepaly Aman han Teýmirleňiň sany boýunça aşa köp goşunyna uly zyýan ýetirip, şol gazaply söweşleriň birinde wepat bolupdyr. Teýmirleň Horezm ýurduny basyp alandan soňra, Garagum çölünde oturan çarwa teke türkmenlerini Çyn-Maçynyň Taklamekan diýen ýerine sürgün edenmiş diýýärler.

Olar Nurgarabaýyrda, Kermenede, Kelif-Uzboýuň ýakasynda, Antguýuda (Owganystanda) umuman dört asyra golaý özleriniň ata-babalarynyň dogduk mekanlaryndan aýry ýaşaýarlar. Antguýuda ýaşaýarkalar, takmynan XVII asyryň aýaklarynda ýa-da XVIII asyryň başlarynda Hojanepes batyryň döwletli maşgalasynda oglan bäbek dünýä inýär. Maşgalada üçünji ogul bolandygy üçin oňa Tagandurdy diýip at goýýarlar. Ata mekanyna dolanyp barmak arzuwynda ýaşandyklary üçin sürgünçiligi sapar saýýarlar. Şonuň üçin hem onuň ýene bir ady Saparmämmet bolupdyr diýýärler. Tagandurdynyň özünden uly agalarynyň ady Gyzyl we Emir bolupdyr. Inisiniň ady Wekil bolupdyr. Iki sany aýal dogany hem bolupdyr. Olar bäş dogan eken. Tagandurdynyň kabylasy: türkmen – teke – utamyş – bagşy – daşaýak – gyzyl. Tagandurdy 5-6 ýaşlaryndan hat okamagy öwrenipdir. Taryhy kitaplary okamaga mümkinçiligi bolupdyr. Tagandurdy 8-9 ýaşlarynda bolsa Hojanepes serdar ata mekanyna dolanmagyň yşgyna münýär. Çagalygynda özi ýaly oglanlar bilen ýaý atyşyp ýörkä, ýaý oky Tagandurdynyň çep gözüne gyltazrak degip, şikes ýetiripdir. Şol keýmir okuň çep gözünde galdyran şikesi Tagandurdynyň Keýmir kör adynyň döremegine sebäp bolýar.

Türkmenleriň teke kabylasy Antguýudan Hywa hanlygynyň çägindäki ata-babalarynyň oturan mekanlary Wasa göçüp barýarlar. Täze göçüp gelip heniz doly ýerlemedik döwürlerinde birki ýylyň gurak gelmegi se bäpli, olar Hywa hanyna tölemeli paçlaryny töläp bilmeýärler. Onsoň oba ýaşululary Hywa hanyna töwella gitmeli bolýarlar. Aýdyşlaryna görä, şonda Keýmir şolar bilen bile gitmekçi bolýar. Emma olar ýaş oglany alyp gitmegi göwnemändirler. Emma Keýmir olaryň yzyna düşüp, garama-gara gidiberipdir.

Şol gezekki saparda-da oňa Hywa hanynyň huzuryna düşmek bagty miýesser edipdir. Meseläni ýumşaklyk bilen çözmek islegine berlen ýaşulularyň jogabyndan göwni suw içmän, aralarynda başga «çorba çykarlygynyň» barlygyny-ýoklugyny soranmyşyn. Onsoň olar bialaç Keýmiri getiripdirler. Han öz sowalyna ýaşulularyň beren jogabyndan ýigdekçäniň beren jogaplaryny ýürege ýakyn kabul edipdir. Çünki Hywa hany gelen myhmanlary äsgermän teýeneli sowallary berensoň, Keýmirden hem şeýle terzdäki jogaby alanmyşyn. Berlen jogabyň sagdynlygy, ýigdekçäniň göni berlen sowalyň öz hörpündäki jogaby beribilşi hana ýarapdyr. Şeýdip, Keýmiriň ýoldaky gören düýşi oraşan bolupdyr, onuň kämilligi Hywa hanynyň huzurynda ykrar edilipdir.

Aýdyşlaryna görä, Eýran şasy bolmak nesibesini öňünden aňan, asly gajar türkmenlerinden bolan Nedirguly şol wagtlar Hywada ýesirlikde eken. Ol ýesirlikden yzyna gaýdanynda Keýmir dagy bilen bile gaýdypdyr diýýärler. Bu rowaýaty gürrüň taryhy hakykata hem gabat gelýär. 1688-nji ýylda doglup, 1747-nji ýylda dünýeden gaýdan Nedirguly, arzuw edişi ýaly 1736-njy ýyldan ömrüniň ahyryna çenli Eýranyň şasy bolýar.

Halk arasyndaky gürrüňlerde Keýmire çaga wagty erenleriň pata berendigi, tä dünýeden gaýdýança ýoldaşly bolandygy aýdylýar. Hawa, türkmen halkynyň erkinligi ugrunda göreşen Keýmir serdaryň esasy ýaragy – şorta, ötgür, käte şerebeli, dana dili bolupdyr. Ol gylyçlaşaýmaly meseleleri, gan ysy gelip duran dawadyr jenjelleri köplenç bileginiň ýa-da ýaragynyň däl-de, paýhasly diliniň güýji bilen çözüp bilipdir. Ol eýýäm oglanka özüni tanadypdyr. Onuň bilen söhbetdeş bolan ulularyň: «Häý, oglum, ir-u-giç ot bolup dörärsiň» diýmesine Keýmir: «Bu dünýäde ýa ot bolmaly, ýa ýok bolmaly» diýip jogap berer ekeni.

Sözüň, diliň güýjüniň biçak uludygy hemmä mälim. Söz bilen öldüribem, güldüribem bolýar. Söz bilen agyr hassany galdyrybam bolýar. Söz, dil hemmä berlen baýlyk, ýöne şony nädip ulanmaly? Sözi ulanmagyň täri bar. Sözi ökdelik, ussatlyk bilen ulanyp bilen adama açylmajak mäkäm gapylaram açylýar. Keýmir serdar hem sözi ýerinde ulanyp bilýän, biçak dilewar we herbap adam bolupdyr.

Keýmir serdar ilki akdaşaýak tiresiniň, soň utamyş urugynyň serdary, soňam Döwletmämmet Düýegöz aganyň baş serdary, orunbasary ýaly jogapkärli wezipelerde halkyna hyzmat edipdir.

Hywa sebitlerinden öz ýaşaýan mekanlaryna gelenlerinden bir-iki ýyl geçensoň, babasy Döwletmämmet Düýegöz aga oňa: «Indiden beýläk jemagata sen ýolbaşçylyk edersiň» diýýär. Keýmir özüniň ýaşlygyny aýdanynda kethuda Döwletmämmet aga oňa: «Keremli Biribar saňa halk öňüne düşmek üçin zerur gerek bolan ähli zatlary eçilipdir» – diýip, oňa ýaşlygyndan ak pata beripdir. Bu wakalar takmynan XVIII asyryň birinji çärýeginiň ahyrlarynda bolupdyr. Keýmir serdaryň omzundaky kümüş esbaplary bolan bazbentleri onuň donuna tikilip, içine dogduk mekanynyň topraklary salnypdyr. Eger-de söweşde wepat bolnan ýagdaýynda, bezeg esbaplarynyň içindäki toprak guburynyň üstüne sepilipdir. Bezeg esbaplarynyň içleri bolsa, jaýlanan ýeriniň topragyndan alnyp doldurylypdyr.

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň habarçysy I.Pasewýew ýazyjy Ata Durdyýew bilen Keýmir serdar barada söhbetdeş bolupdyr. Ol gazetiň 1995-nji ýylyň 19-njy iýunyndaky sanynda «Ne obnažaýa sabli» ady bilen berlipdir. Onuň «Weçerniý Aşhabad» gazetiniň 1996-njy ýylyň 17-nji fewralyndaky «Narodnyý geroý» ady bilen ýene bir makalasy çap edilipdir. Makalalarda daşary ýurt basybalyjylary tarapyndan gökleň türkmenleriniň üstüne dört ýöriş edilendigi, şonda Keýmir serdaryň ýolbaşçylygynda beýleki türkmen taýpalarynyň ýigitleri kömege gelip, olary yzyna serpikdirendikleri barada giňişleýin beýan edilýär. Şonda Keýmir serdar basybalyjylara garşy ýöriş etmek üçin ähli ýigitleri ýygnap, edil ýörişe ugraýmaly bolanlarynda-da: «Bu gün öýli-öýüňize gaýdyň» diýip goýberipdir. Şeýle ahwalaty bir-iki ýola gaýtalananyndan soň ýigitleriň biri sebäbini soraýar. Keýmir serdar: «Aramyzda duşman jansyzy bolup biler. Duşman haçan çozjakdygymyzy bilmeli däldir» diýipdir. Eşiden habarlary birki gezek dogry çykmadyk duşmanyň hüşgärligini gowşadyp, duýdansyz hüjüm edip, şol ýörişlerde ýeňiş gazanylypdyr.

1992-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy akademik N.W.Atamämmedowyň redaksiýasy bilen «Türkmen hanlary we serdarlary» atly kitapçasy neşir edilipdir. Kitabyň 51-nji sahypasynda türkmen halkynyň gaýduwsyz gerçegi, Keýmir serdaryň Döwletmämmet Azady, Zenuby, Magtymguly Pyragy ýaly akyldarlar bilenem ençeme gezek duşuşandygy we onuň ähli türkmen taýpalaryny birleşdirmekde, jebisleşdirmekde uly işleri amala aşyran serdardygy bellenip geçilýär.

Bir gezek Nedirden Keýmire çakylyk gelýär. Keýmir Nediriň ýanyna barýar. Nedir Hywa ýesirliginden boşanynda ýurduna alyp gaýdan dostuny hormat-sylag bilen gadyrly garşy alýar. Nedir Keýmirden maslahat soraýar. Bir ýeri näçe gezek ýöriş etse-de, barmasy kyn bolan dagyň darajyk geçitli ýeriniň goragynyň güýçlüdigi sebäpli alyp bilmeýändigini aýdýar. Keýmir: «Oň işi haýyr, kyrk ýigidi ýarag enjamyny üpjün et-de, kyrk sany sandygyň içine sal, ýigrimi sany ineriň üstüne ýükle, söwda barýan kişi bol-da, gidiber. Agşamara ýaňky darajyk dag geçidinden geç-de, ýoldan sowlup, düşlän kişi bol-da, gije ýatyber. Daň atmazynyň öň ýanynda bolsa süýji ukuda ýatan sakçylary sessiz-üýnsiz gylyçdan geçiriber – diýýär. Nedir Keýmir serdaryň maslahatyny eýerip, basyp alyp bilmeýän welaýatyny hem alýar. Dosty Keýmire ýene-de çakylyk iberýär. Keýmir serdar ýola rowana bolup Eýrana barýar. Nedir şa Keýmiri gowy garşylap, hezzet-hormat edip myhman alýar. Onuň maslahatyna eýerip, boýun egmeýän welaýaty boýun egdirendigini aýdyp, sylagyny ýetirýär.

Keýmir serdaryň kethudalyk eden döwürlerinde mallaryň baş sany gaty artypdyr. Olar Balkan daglarynyň Çarwa we Kämil ýaýlalaryna ýaýrapdyr. Külli türkmen halkynyň ähli kabylalary Keýmir serdary özleriniň aksakgaly, howandary hasaplapdyr. Ol bir ýany Balkan, beýleki bir ýany Sarygamyş çöketligine, Was sebitlerine çenli göçüp-gonup ýören, şeýle hem oturymly taýpalara janpena bolupdyr. Türkmen halkynyň ähli kabylalary Keýmir serdaryň töwereginde jemlenipdir. Ýokarda agzalan makalalarda akademik Ata Jykyýewiň bu barada ylmy işlerinde giňişleýin durulyp geçilendigini beýan edilýär. Şeýle hem biziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasynda hem akademik A.Jykyýewiň okuwçylary arheolog Bäşim Annagurbanow we beýlekiler hem onuň alyp baran ylmy gözleglerini dowam etdirip, metbugatda ýygy-ýygydan şolar ýaly temalardan makalalar bilen 
çykyş edýärler.

XVIII asyryň takmynan aýaklarynda Keýmir serdar 76-77 ýaşynda il-ulus bilen geçiren maslahatynda özüniň gojalandygyny, toý tutup yzyňy mynasyp adama tabşyrmagyň nesip etmeginiň özem keremli Biribaryň eçilen bagty diýip, ýaşululygy öz orunbasary Annaseýit wekile tabşyrýar. Şol maslahatda Keýmir oruntutary Annaseýit wekile Ahalyň dag eteginde 32 sany çeşmeden suw akýar, şolary halallyk bilen türkmenleriniň teke kabylasynyň urug-tirelerine deň-derman edip, adyllyk bilen başaşa bir obany Togtamyş, bir obany Utamyş edip yzygiderlilikde oturtmagy berk tabşyrýar. Annaseýit wekil Keýmir serdaryň wesýetini adyllyk bilen ýerine ýetirýär. Şeýdip, türkmenleriň teke kabylasy ata-babalarynyň dogduk mekanlaryna ymykly ornaşýarlar. Keýmir serdar XVIII asyryň takmynan aýaklarynda kowum-garyndaşlary we beýleki çarwalar bilen Maňgyşlaga barýar we dünýeden ötse, özüni Salyr Gazan ogly Tekemuhammediň ýatan gonamçylygynda depin etmekligi wesýet edýär. Şol ýerde hem aradan çykýar.

Keýmir serdar aksowult at ýüzlüräk, göz damarlary çylgym-çylgym gyzgylt, goýungöz, ýiti nazarly, uzyndan ýogyn boýunly, uly süýri kelleli, erinlek, eginlek, iri süňkbaşly, at ýeňseli, demirbeden, şir ýürekli, akyl-paýhasly, mylakatly, at üstündekä üzeňňiden aýranynda aýaklary ýere ýeteňkirleýän, päk ýürekli, ynanç-ygtykatly, namazly-täretli, syratly, pespäl, şahyrana, dilewar, haj parzyny ahal-teke atly gidip berjaý eden kethudadyr. Keýmir serdar atyny münüp çägeli ýerde ýapy ýokaryk barýarka üzeňňiden aýagyny aýryp, atyna ýardam kömegini berip bilýän pälwan sypat adam bolupdyr. Keýmir serdar aýtjak sözlerini şahyrana, köp manyly goşga meňzedip aýdýar eken.

Keýmir serdaryň aýalynyň ady Mährijemal bolup, olaryň bir ogly we bir gyzy bolupdyr. Oglunyň ady Aýnazar han, gyzynyň ady bolsa Aýgül bolupdyr. Aýgüliň ýörgünli ady Akyllyja eken.

Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Gurbanaly Magrupynyň XVIII asyrda türkmen halkynyň durmuşynda öz gözüniň öňünde bolup geçen taryhy wakalaryny beýan eden meşhur «Döwletýar» dessanynda Keýmir serdaryň nesliniň gahrymançylygyny giňden wasp edýär:

Annaöwez baý, Hoja meňli,

Uruşda ýüz müňe deňli,

Keýmir ogly Annameňli,

Hem ol Esen Tagan ýörsün.

Türkmen halk döredijiliginde hem Keýmir serdar wasp edilýär:

Keýmirden aldy pata,

Däldir sözleri hata...

Keýmir körüň balasy

Her dulunda sallançak.

Keýmir serdaryň bäş çowlugyndan we doganlarynyň çagalaryndan ýaýran nesilleri, kowum-garyndaşlary Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň Akdaşaýak ýaşaýyş toplumynda, Berkararlyk etrabynda, Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Arçman geňeşliginde, Tejen etrabynda, Mary welaýatynda we diýarymyzyň beýleki künjeklerinde ýaşaýarlar.

Keýmir serdar türkmen halkynyň Garaşsyz, bir bitewi döwleti berkarar etmek, türkmenleriň ähli dagynyk taýpa-uruglaryny birikdirmek üçin ömrüni bagyş eden gerçek, batyr, paýhasly ogludyr. Keýmir serdaryň esasy ýaragy dilewarlygy bolup, ol gutulgysyz çaknyşaýmaly meseleleriň köpüsini öz dilewarlygy, zehinliligi bilen, adam pidasyz, gan dökmezden çözüp bilipdir.

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Ýarajy obasynda ýaşap geçen belli taryhçy we mirasşynas «Weli arhiw» lakamy bilen tanalýan Weli Kömek oglunyň Gökdepe söweşiniň 100 ýyllygyna bagyşlap ýazan «Gökdepe mukamy» taryhy poemasynda:

Keýmir kör zürýady, gerçek Meňli han,

Sap duran goşuna berip serenjam,

Diýdi «Müň jan alman, bermen ýeke jan»,

Gara dag gaýaly Zal ýatyr munda.

Aýdar Weli, muňa gelen dat eder,

Müňüni gum edip, birin şat eder,

Akyl aglar, gerçekleri ýat eder,

Keýmir Kör dikelden, tug ýatyr munda

– diýen şahyrana waspy hökmünde halk içinde aýdym bolup ýaşaýar.

Biziň belli şahyrymyz 1941-1945-nji Watançylyk urşunyň weterany Durdy Haldurdy hem Watançylyk urşunyň başlanan ýylynda ýazan «Batyrlaryň nesli biz» diýen goşgusynda:

Ýusup, Ahmet, Döwletýar,

Göroglynyň nesli biz.

Goçaklardan Keýmir kör,

Zor oglynyň nesli biz. — diýip ýazypdy.

Türkmenistanyň halk şahyry Ata Atajanow-da şeýle setirler bar:

Keýmir körüň batyr nesli,

Ömür boýun buran däldir.

Başa bela gelen çagy,

Ýa ýaýdanyp duran däldir.

Başda belläp geçişimiz ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda Keýmir serdaryň adyny ebedileşdirmek barada ençeme işler edildi. Ruhabat etrabynyň Akdaşaýak ýaşaýyş toplumynyň we Berkararlyk etrabynyň köçeleriniň birine, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda 
nebitli ýere, guýa we wulkana Keýmir serdaryň ady dakyldy. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda Keýmir serdaryň eken uly toraňňylygyna Keýmir körüň toraňňylygy diýilýär. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Garaja Burunowyň «Keýmir kör» spektakly uzak ýyllaryň dowamynda teatrlaryň sahnasyndan düşmedi. «Keýmir kör» radiooýny türkmen radiosynyň muşdaklarynyň söýgüsini gazandy. Häzirki wagtda Keýmir kör serdaryň adyny ýurdumyzdaky harby bölümleriň birine dakmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gözel künjekleriniň biri bolan Berzeňňi şäherçesindäki «Türkmenistanyň Garaşsyzlyk seýilgähindäki» heýkele öwrülen gerçekleriň arasynda türkmeniň gerçek ogly serkerde Keýmir serdaryň heýkeli nesillere buýsanç nyşany bolup dur.

Çarymyrat GARAHANOW, ätiýaçdaky podpolkownik.