Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe
hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli mirasymyzy we taryhymyzy
öwrenmäge, ylmy-barlag işlerini geçirmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şol döredilen
mümkinçiliklerden ugur alyp, türkmenleriň mamlýuklar (mamlýuklar) döwletinde
harby sungatyň aýratynlyklary, şeýle hem döwletiň guryýer goşunlarynyň we deňiz
güýçleriniň ýagdaýy barada giňişleýin beýan etmekligi makul bildik.
Türkmenleriň mamlýuklar döwletiniň gurluşynda
(1250-1517) harby düzgünler hereket edipdir. Mamlýuk esgerleriniň söweş
lybasynda, okuny, naýzasyny, gylyçdyr galkanyny dakynyp, ok atyp, aw awlap
duran pursatlaryny janlandyrýan miniatýura şekillerinden çen tutsaň, olarda
döwlet gurluşynyň harby häsiýetlidigini görmek bolýar. Goşunda gulluk edýän
mamlýuk gulamlary döwletiň harby birliginiň esasy bölegini emele getiripdir.
Mamlýuklara söweş sungatynyň tilsimlerini
öwredýän, şeýle hem olara ylmyň dürli ugurlaryndan taglymat berýän ýörite
mekdepler gurlupdyr. Bu mekdepler Müsürde «Tybak» ady bilen meşhur bolupdyr.
Ýagny, «Tybak» Müsürdäki (Kairdäki) galanyň harby şäherçesinde ýerleşýän we
harby ugurdan mamlýuklara tälim berýän bilim ojaklaryna berilen atdyr.
XV asyrda Müsürde 12 sany «Tybak» mekdebi
bolupdyr, bularyň her birinde 1000 mamlýuk gulamy okapdyr, ýaşapdyr we tälim
alypdyr hem-de olar oňat ýatakhanalar bilen üpjün edilipdir. Gündogary öwreniji
ýewropaly alym professor Dewid Aýalon: «Tybak mekdepleri mamlýuklaryň goşun
birliginiň bil oňurgasydyr» diýip belleýär. Bu mekdeplerde adatça söweş
tärleri, onuň usullary öwredilip, döwlete we onuň emirlerine wepaly esgerler
ýetişdirilipdir.
Al-Makriziniň berýän maglumatyna görä, «Tybak»
mekdeplerine Müsüre getirilen mamlýuk gulamlary ilki bilen soltanyň buýrugy
esasynda gelen ýurduna we milletine görä toparlara bölünip ýerleşdirilipdir we
olaryň ähli çykdajylary döwlet tarapyndan maliýeleşdirilipdir. Bu ýerde
tertip-düzgün we nyzam ýokary derejede alnyp barylypdyr. Hatda, mamlýuk hökümdary
soltan Kalawunyň döwründe gulamlaryň hiç birine gijäni Tybaklaryň daşynda
geçirmeklige rugsat berilmändir.
Mamlýuklaryň döwletinde ýörite «Frusiýýe» (ata
münmek, at üstünde ýarag ulanmak) we «nuşşab» (ok atmak, okçulyk bilen bagly
kitaplar) ady bilen harby sungatyň aýratynlyklaryna degişli kitaplar
ýazylypdyr. Ibn Kaýýym El-Jewziniň (1356 ö.ý.) ýazmagyna görä, «Furusiýýe»
tälimi ata münmek, naýza ulanmak, ok atmak we gylyç oýnatmak ýaly dört ugry öz
içine alypdyr.
Mamlýuk türkmenler Mamlýuk döwletiniň ynamdar,
ygtybarly birlikleri hasap edilipdir. Şonuň üçin goşunyň aglabasy mamlýuk
türkmen birliklerinden emele gelipdir. Mamlýuklar 1266-njy ýylda Debaskyň
golaýynda duşman goşunyny derbi-dagyn edip, Tarsus, Adana ýaly ýerleri
eýeläpdirler. Şu ýerde hökümdar Beýbarsyň hem-de onuň edermen türkmen
ýigitleriniň bitiren hyzmatlary bellenmäge mynasypdyr. Makriziniň we Ibn
Haldunyň işlerinde mamlýuk türkmenleri barada: «Türkmenler okuny, ýaýyny,
naýzasyny, galkandyr gylyjyny ýanynda göterip, mydama söweşe taýýar ýagdaýda
bolup, harby taýdan ukyply we söweşjeň häsiýetli» diýlip berilýär.
Taryhdan mälim bolşy ýaly, Beýik Seljuk
türkmenleriň şadöwletiniň gowşamagynyň we mongol çozuşlarynyň başlamagynyň
netijesinde Horasandan, Azerbaýjandan we Orta Aziýadan gelen köp sanly
türkmenler Anadola ýerleşipdirler we türkmen öýleriniň sany has-da köpelipdir.
Olaryň käbirleri Wizantiýa topraklaryna hem göçüpdirler. Soltan Beýbarsyň
ýolbaşçylygynda Çukur obada (Çukurowada) bolup geçen ýörişlere gatnaşan
türkmenleriň uç ok goluna degişli ýörgür, kynyk, baýyndyr we salyr ýaly türkmen
taýpalary mamlýuk döwletine goşulypdyr. Soltan Beýbars 40 000 öýliden gowrak
türkmenleri mamlýuk birliklerine kabul edip, Gazzadan başlap Antakýa we Sis
welaýatynyň serhedine çenli Ak deňiziň (Ortaýer deňzi) kenarýakalaryndaky
haçlylardan alnan ýerleri olara ýurt edip beripdir.
Türkmenleriň mamlýuklar döwletiniň çäginde deňizde
we derýada ulanmak üçin aýry-aýry gämi ýasalýan ussahanalar hereket edipdir.
Mamlýuk hökümdary soltan Barsbaýyň döwründe (1425-nji ýyl) Kybrys (Kipr)
adasyny ele geçirmek üçin alnyp barylan ikinji harby ýörişde esgerleri ada
daşamak üçin 13 sany «haýti» gämileriniň hyzmatyndan peýdalanylypdyr. Bu
gämilerde söweş gurallar, dürli ýaraglar we esgerler daşalypdyr. Olar bu
gämilerde Isgenderiýe (Aleksandriýe), Dimýat we Tinnis şäherleriniň üstünden Ak
deňize çykyp duşmanlar bilen söweşipdirler. Türk alymy Burak Gani Erolyň
«Mamlýuklar zamanynda ulanylan gämiler» atly eserinde mamlýuk türkmenleriniň
agalyk edýän döwründe Müsüriň gämi ýasalýan ussahanalarynda gämileriň 70-den
gowrak görnüşleriniň ýasalandygyny belleýär.
Türkmenleriň mamlýuklar döwletiniň deňiz güýçleri
we olaryň Kybrys adasyny eýelemek üçin alyp baran ýörişleri barada aýdylanda,
1424-nji ýylda mamlýuk soltany Mälik Eşref Seýfeddin Barsbaý Ak deňizden
gatnaýan täjirlere hem-de olaryň gämilerine edilýän deňiz talaňçylyklaryň
artmagy netijesinde hökümdar bu adany eýelemekligi karar edýär. Munuň üçin
hökümdaryň buýrugy bilen Müsüriň gämi ýasalýan ussahanalarynda ýörite «Gurab»1
we «Haýti» atly söweş gämileriň ençemesi ýasalypdyr. Olaryň ýany bilen Tybak
mekdeplerinde tälim alan mamlýuk türkmenlerden 600 sany pyýada goşun we 300
sany atly goşun taýýarlanypdyr. Atlary daşamak üçin «Şilindi»2 atly ýörite gämi
ýasalypdyr we olara 20-30 aralygynda at ýerleşipdir. Mamlýuk goşuny bilen
adadaky ilatyň arasynda 1424, 1425 we 1426-njy ýyllarda (üç ýöriş) bolup geçen
çaknyşmada olar harby sungatyň dürli usullaryny netijeli ulanmagy
başarypdyrlar.
Soltan Mälik Zahyr Çokmak Ak deňizden gatnap söwda
işlerini alyp barýan täjirlere hem-de olaryň gämilerini talamak isleýän deňiz
garakçylarynyň artmagy bilen Rodos adasyny eýelemeklige karar edýär. Şonuň üçin
mamlýuk soltany müňbaşy emiri Temurbaýyň hem-de emir Enal Alaýyň ýolbaşçylygynda
1443-1444-njy ýyllarda goşun taýýarlapdyr. Ol goşuny 2-ä bölüp, Temurbaýy deňiz
güýçleriniň we Enal Alaýyny bolsa pyýada goşunyň emiri edip belläpdir. Umuman,
mamlýuklar Ortaýer deňzinde uly harby flotlary, ýagny iň güýçli deňiz
goşunlaryny (flotlaryny) döretmegi başarypdyrlar. Siriýanyň kenarýakalaryndaky
deňiz duralgalaryna eýe bolupdyrlar. Mamlýuklaryň döwletinde söweş gämileriniň
ýasalýan ýörite ussahanalaryň bolmagy, şeýle hem Müsürden ýüz müňlerçe kilometr
uzaklykda ýerleşen Kybrys we Rodos adalaryna goşun çekip barylmagy öz döwründe
olaryň deňiz güýçleriniň güýçli bolandygyna şaýatlyk edýär.
Mamlýuk türkmenleriň döwletinde bolup geçen
ýörişleriň şaýady bolan Ibn Haldun3 (1332-1406) «Mukaddima» atly eserinde
söweşler esasy iki usulda – birinjisi hatarlara düzülip nyzam bilen hüjüme
geçmek, ikinjisi herekete geçenden soň gaçan ýaly yza çekilip, täzeden hüjüm
etmek arkaly amala aşyrylandygyny ýazypdyr. Olar köplenç ýagdaýda hatarlara
düzülip söweşipdirler. Şeýle edilende tertip we nyzam berk saklanypdyr. Oňa
«tulb» ady berilip, esasan-da Salaheddin Eýýubynyň döwründe bolup geçen
ýörişlerde we ondan soňky döwürlerde bu usul has giňden ulanylypdyr.
Mamlýuklar Tybak mekdeplerde öwrenen harby
hünärlerini tejribede ulanmagy başarypdyrlar. Olar söweşde yza çekilmek bilen
goşunyň bir ganaty ýaraglaryny, azyklaryny, gymmatbahaly zatlaryny taşlap,
garşydaşyny aldawa salýar. Duşman bolsa muňa ynanyp, talaňçylyga we olja
ýygnamaga başlan wagtynda olar duşmanlaryň üstüne çozupdyrlar we ýeňiş
gazanypdyrlar. Bu bolsa olaryň söweş tilsimlerinden oňat baş çykarandyklaryny
görkezýär.
Türkmenleriň mamlýuklar döwletinde duşman
çozuşlaryndan goranmak üçin birnäçe söweş usullary hem ulanylypdyr. Munuň bilen
bagly Ibn Haldunyň «Mukaddime» atly eserinde: «Gadymy döwletler söweşlerde öz
goşun ordalaryny duşman leşgerlerinden hendekler gazyp gorapdyrlar» diýen
maglumat getirilýär. Alym sözüni dowam edip, «Soň-soňlar bu hendeklere ot atyjy
toplaryň ýerleşdirilendigini» belläp geçýär. Osmanlylar bilen bolan söweşde
mamlýuk soltany Tomanbaýyň gazdyran hendeklerine toplaryň we topçularyň
ýerleşdirilmegi alymyň sözüni tassyklaýar.
Mamlýuklaryň söweş tärleriniň esasylaryndan
biri-de ok atmaklyk sungatydyr. Bu barada Ibn Haldun şeýle diýýär: «Biziň
döwrümizdäki mamlýuk türkmenler ok atyp, hatarlara düzülip söweşýärdiler. Olar
biri-biriniň arkasynda üç setire düzülip, atlaryndan ýere düşüp, oklaryny
öňlerine döküp, duşmana garşy atmaga başlaýardylar. Her setir özüniň öňündäki
setiri duşmanyň çozuşlaryndan goramaga synanyşýardylar».
Mamlýuklaryň goşun birlikleri söweşe çykanlarynda,
özlerine mahsus göterýän tugy bolupdyr. Bu tug ýörite ýüňden we pagtadan
dokalypdyr. Ibn Haldun mamlýuk türkmenleriň ulanan baýdaklaryny taryplap şeýle
diýýär: «Müsürde we Şamda höküm süren mamlýuklaryň ellerindäki uly baýdaklaryň
öň tarapynda bir tutum seçek ýerleşdirilipdir. Muňa «çalyş» ýa-da «çetir» ady
berilýär. Bu baýdak soltana mahsus bolup, söweşe soltanyň gatnaşýandygynyň
alamaty hökmünde kabul edilipdir».
Hökümdarlar ýörişlere gatnaşanlarynda gyralary
dürli öwüşgünli seçekler bilen bezelen baýdaklar götermek, deprek çalmak,
surnaýlar ulanmak adat bolupdyr. Mamlýuklar deprekleriň birnäçe görnüşlerini
ulanypdyrlar, olar muňa «kösat» (söweşlerde ulanylýan uly deprekler) diýip
atlandyrypdyr. Hökümdarlar şunuň ýaly söweş däpleri amal edilipdir. Söweşde ses
çykaryjy we şowhun dörediji saz gurallaryň ulanylmagy garşydaşyň ýüreklerinde
dowul döredipdir.
Döwrüň taryhçylaryndan Al-Aýniň, Halyl bin Şahynyň
we Wahramyň ýazmaklaryna görä, XV asyrda Müsüre bagly bolan Şamdaky şäherler we
Halapdaky mamlýuk türkmenleriň taýpalary 180 000 atly harby güýje eýe bolupdyr.
Arap syýahatçysy Al-Ömeri öz eserinde mamlýuk
türkmenleriň goşun birliginiň esasy bölegini atly goşunlaryň emele
getirýändigini we sanlarynyň 583 500-den köpräk bolandygyny ýazypdyr. Goşunda
gulluk edýän türkmenlere ýolbaşçylyk edýänlere «Mukaddem et-türkman» diýlipdir.
Bu emirler döwletiň iň ynamdar wekilleri hökmünde kabul edilipdir. Mamlýuklar
şadöwletinde 35 sany müňbaşy emiri hereket edipdir. Olaryň her birine 35 000
atly mamlýuk gulamy berkidilipdir (35X35000=1225000 mamlýuk).
XIV-XV asyrlarda Türkmenleriň mamlýuklar
döwletiniň goşun birliginde gulluk eden esgerler üç topara bölünipdir. Olaryň
birinjisi «Ejnadül-arap» «arap esgerleri», ikinjisi «Ejnadut-türkman» «türkmen
esgerleri» we üçünjisi «Ejnadül-ekrad» «kürt esgerleri» diýlip atlandyrylypdyr.
Arap esgerleri mamlýuk ordasynyň «meýmene» (sag tarap) diýilýän sag ganatynda
ýer alypdyr. Türkmen birlikleri bolsa «meýsere» (çep tarap) diýilýän goşunyň
çep ganatynda ýer alypdyr. El-Kalkaşandynyň bellemegine görä, haýsydyr bir
ýörişe çykyljak bolanda sapara taýýarlanmaklary üçin goşunda gulluk edýän
türkmen taýpalarynyň atlary tutulyp, hökümdaryň ýazan permany özlerine
iberilipdir. Döwletiň resmi dili arapça bolsa-da, goşun dili türkmen dilinde
alnyp barylypdyr. Olar öz aralarynda türkmen dilinde gepleşendikleri barada
Al-Makriziniň we Ibn Iýasyň işlerinde bellenilýär.
XV asyrda Müsüriň «Tybak» mekdeplerinde harby
sungatyň aýratynlyklaryny öwrenen türkmenleriň mamlýuklar döwletiniň güýçli
guryýer goşunyny we deňiz güýçlerini döredendigini, olaryň mongollara we
haçparazlara garşy aýgytly ýörişler alyp barandygyny, şeýle hem dürli söweş
tilsimleriniň baý gorlaryny miras galdyrandygyny görmek bolýar.
Meretgeldi BAÝJANOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Taryh institutynyň ylmy işgäri.