milli goshun logo
Türkmen paýtagtynyň taryhy – fotosuratlarda
Türkmen paýtagtynyň taryhy – fotosuratlarda
25.04.2021 11770 Harby Taryh

(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

Aşgabat şäheri gadymdan oturymly ozalky Ashabat obasynyň ýerinde döräpdir. 1881-nji ýylyň ýanwarynda Ashabat çeşmesiniň ugrunda ýerleşýän agzalan obada 800 çemesi ak öý bar eken.

1881-nji ýylyň 6-njy maýynda Zakaspiý harby bölüminiň üstüne Ahal sebitini goşup, 1982-nji ýylda Zakaspiý oblasty döredilýär. Täze oblasty edara etmek şu ýerdäki harby korpusyň baştutanynyň üstüne ýüklenipdir, edara ediş guramalary korpusyň ştab serkerdelerinden düzülip, onuň merkezi hökmünde bolsa Aşgabat bellenipdir.

Ilki-ilkiler şäheriň köne çäginiň (Ashabat obasynyň ýerleri) köçeleri dar, egrem-bugram, hatda tegelenip gidýän görnüşlerde bolupdyr. Obanyň bir gapdaly giň meýdana baryp diräpdir. Şol ýerde her gün diýen ýaly, harby garawullar nyzama durup, barmaly ýerlerine ugradylypdyr, kähalatlarda harby okuwlar we ýörişler geçirilipdir.

Soňra şäheriň taslamasy Ýewropa biçüwinde çekilip başlanypdyr. Köçeler göni we giňden gurlupdyr. Köçelere şol döwre ýoň bolan atlary, aýratyn hem harbylaryň atlaryny dakypdyrlar. Mysal üçin, Annenkowskaýa (häzirki S.Türkmenbaşy ş.), Kuropatkinskaýa (häzirki Magtymguly ş.), Lewaşewskaýa (häzirki Azady ad. k.), şeýle hem («Ofiserskaýa»), «Sapýornaýa», «Artilleriýskaýa» we ş.m. Aşgabadyň ilkinji dörän we iň uzyn köçeleriniň biri Kuropatkinskaýa köçesidir. Ilkinji peýda bolan köçeleriň ýene-de biri «Serkerdeler» («Ofiserskaýa») köçesi bolupdyr. Onuň ugrunda harby serkerdeler ýaşapdyrlar we ol şäherde iň gür bagly, owadan köçe hasaplanypdyr. Lewaşewskaýa (Engels, Azady) köçesi hem mähelleliligi, gatnawlylygy bilen tapawutlanypdyr. Bu köçäniň ugry bilen ir ertirden giç agşama çenli şol wagtky Rus we Teke bazaryna üsti ýükli kerwenler, arabalar, paýtunlar gatnapdyrlar.

ХIХ asyryň aýaklaryna Aşgabat şäheriniň esasan, söwda we hyzmat ulgamy ösüpdir. 1889-njy ýylda şäherde 750 öý, 654 söwda nokady, hünärmentleriň 121 sany dükany, 33 sany kerwensaraý, 2 myhmanhana, 15 sany naharhana, 105 sany meýhana bolupdyr. Senagat kärhanalary juda az hem ownuk eken. Aşgabadyň ilaty köpelip başlaýar. Eger 1882-nji ýylda onda bary-ýogy iki müň adam ýaşan bolsa, 1903-nji ýylda ilatyň sany 36 müňe ýetipdir. 1911-nji ýylda bolsa ol 45 müňden geçipdir. 1881-nji ýylda şäherde şol wagt atlandyrylyşy ýaly, ilkinji poçta bölümi açylyp, onda 2 esger poçtalýonyň aragatnaşykçynyň wezipesini ýerine ýetiripdir. Bu barada Türkmenistanda ilkinji bolup neşirýat işini ýola goýan K.M.Fýodorow özüniň 1901-nji ýylda çapdan çykaran «Zakaspiýskaýa oblast» atly kitabynda belläp geçýär. 1885-nji ýylyň iýul aýynda çykan «Turkestanskiýe wedomosti» neşiri 18-nji iýulda Aşgabatda ilkinji hususy dermanhananyň açylandygyny habar beripdir. Ondan öň dermanlar ilata diňe harby lazaretiň (kiçiräk harby keselhana) üsti bilen paýlanýar eken.

Aşgabadyň çalt ösmegine onuň Eýran bilen söwda ediş merkezine öwrülmegi hem ýardam edipdir. Russiýa we bütin Merkezi Aziýa Eýran bilen söwda gatnaşygyny Aşgabadyň üsti bilen amala aşyrypdyr.

Aşgabat şäheri hakynda alymlar, ülkäni öwrenijiler, syýahatçylar öz ýatlamalarynda ýazypdyrlar. Şolaryň biri-de, tanymal alym-geolog, «Zemlýa Sannikowa», «Plutoniý» ýaly belli eserleriň awtory W.A.Obruçew türkmen topragynda birgiden ylmy gözlegleri geçiren adamdyr. Ol 1888-nji ýylda Aşgabat barada şeýle ýazgy galdyrypdyr: «Demir ýol wokzalyndan şäheriň özüne çenli 1 kilometrden köpräk ýoly geçmeli».

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Merkezi arhiwinde Ahalteke uýezdiniň naçalniginiň habarnamalary saklanýar. Şolaryň birinde şeýle diýilýär: «Aşgabady yşyklandyrmak üçin 25 sany çyranyň zerurdygyny ýatladýaryn we olaryň bahalaryny şäheriň çykdajylaryna goşmagy dogry tapýaryn». Bary-ýogy 25 çyra! Hut şu çyralar barada paýtagtymyzyň ýaşuly ýaşaýjylarynyň biri, türkmen fotografiýa sungatynyň aksakgaly Abdylla Güseýinow bilen gürrüňdeş bolanymda, şeýle ýatlady: «Men oglanjykkam, häzirki «Aşgabat» seýilgähinde oýnardyk. Gün ýaşyberende, arkasyna ýagly gabyny göterip, çyraçy gelerdi we seýilgähiň dört çüňkünde dikilen pürse çykyp, olara berkidilen panus çyralara nebit guýardy. Şol çyralar garaňky gijeler zordan görnerdi. «Aşgabatda ilkinji iki gat jaýyň hem gurlanyny bilýärin, ol «Kirpiçnaýa» köçesiniň, Karl Libkneht adyndaky bulwaryň ugrundady. Biz ol jaýy gaty beýik hasaplap, her gün diýen ýaly baryp synlardyk».

Ak şäherimiz Aşgabadyň birden gurulmandygy hemmelere mälim. Onuň düýbi tutulan we ondan bärki görnüşi diňe fotosuratlarda galypdyr. Şäheriň ilkinji suraty — Zakaspiý oblastynyň naçalniginiň jaýy 1880-nji ýylda, şäheriň berkitmesiniň taslamasynyň suraty 1882-nji ýylda düşürilipdir. Ondan soňrakdaky suratlarda ilkinji palçyk jaýlary, bazar meýdançalaryny, köçeleri görmek bolýar: demirýol menziliniň binasy 1896, bazar 1900, teatr-sirkiň jaýy 1911, erkekleriň uçilişşesidir aýallaryň gimnaziýasy, kerwensaraý 1916, Teke bazary 1917, şäheriň Annenkow, «Bazar», Mihaýlowskaýa, «Subbotniçeskaýa», «Tekinskaýa», «Stawropol» köçeleri 1900 — 1916-njy ýyllarda surata düşürilen.

Aşgabadyň ilkinji gerbiniň suratyny synlamak has-da täsirli. Gerb iki — ýokarky we aşakdaky bölekden ybarat bolup, ýokarkysynda düýe kerweniniň, aşakdakysynda demirýol ulagynyň suratlary ýerleşdirilipdir. Bu surat 1880-nji ýylda düşürilipdir. Ikinji gerbiň suraty 1908-nji ýylda alnyp, onuň ýüzünde penjesinde altyn ýaýy tutup duran ýolbarsyň keşbi bar.

Köne fotosuratlarda Aşgabadyň ilkinji mekdeplerinde, gimnaziýalarynda okuwlaryň okadylyşyny, bazarlarda söwdanyň gidişini, şäheriň tanymal adamlaryny synlamak bolýar.

XIX asyryň 20-nji ýyllaryndan soň, paýtagtyň dürli künjeklerine degişli fotosuratlar köpelip ugraýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň kinofotofonoresminamalarynyň Merkezi döwlet arhiwiniň gaznalaryndan Aşgabadyň ösüş taryhyna degişli müňlerçe fotosuraty tapmak bolýar. Ine, demirýolçularyň dynç alyş bagynyň iki görnüşi (1920 ý.), aýna kombinaty (1923 ý.), Marşal S.M.Budýonnyý we G.Atabaýew aýlawda (1926 ý.), AşGRES-iň jaýynyň açylyş dabarasy (1934 ý.), «Profintern» aýna zawody, M.I.Kalinin adyndaky mehaniki aýna zawodynyň (1927 ý.), ýüpek egriji fabrigiň, pagta arassalaýjy, piwo zawodlarynyň gurluşyklarynyň, mebel fabriginiň (1927 — 1935ý.ý), kinoteatrlaryň, teatrlaryň, muzeýleriň binalarynyň suratlaryny synlaýarys. Fotosuratlarda Magaryfçylaryň öýüniň, Merkezi kitaphananyň, TDU-nyň, Mugallymçylyk institutynyň binalaryny synlamak bolýar. Olar 1926 — 1940-njy ýyllar aralygynda surata düşürilipdir. 1960 — 1980-nji ýyllaryň dowamynda paýtagtda gurlan dürli edara jaýlarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň suratlary bar.

Şu ýerde Aşgabadyň gözelleşmegine öz döwründe mynasyp goşant goşan arhitektor A.Ahmedow barada aýdyp geçmek ýerlikli bolardy. 1971-nji ýylda «Sowetskoýe foto» žurnalynyň 8-nji sanynda «Aşgabadyň baş arhitektory A.Ahmedow» atly fotosurat çap edildi. Ol «Garagumgurluşyk» edarasynyň binasynyň öňünde düşürilipdir. Suratyň awtory A.Ptisyn: «Men şu suraty özboluşly almak bilen, tanymal arhitektoryň döreden owadan binalaryny açyp görkezmek isledim» diýip belläpdir.

Şeýle hem 1967-nji ýylda Aşgabat şäherine bagyşlanyp ýörite düşürilen «Azatlyk prospekti», 1975-nji ýylda surata düşürilen «Öz şäherimizi gurýarys» atly dokumental kinofilmleri ýatlap geçmek bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň başlangyçlaryna laýyklykda, ak şäherimiz Aşgabatda biri-birinden kaşaň we owadan binalar, ajaýyp şaýollar gurulýar, olaryň gyralaryny owadan daragtlar, güller bezeýär. Paýtagtymyz gün-günden gözelleşýär. Ol bu gün dünýäniň iň owadan şäherleriniň biridir.


Perman ALLAGULOW,

                                                                            Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, fotografiýa sungatynyň taryhyny öwreniji.