Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Patyşa maşgalasynyň çakylygy
boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna
ugrady. Maslahat köşgünden Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň we onuň Diwanynyň jogapkär ýolbaşçylary ugratdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri saparyň çäginde ir
bilen Birleşen Patyşalygyň Windzor galasyna bardy. Bu ýerde Gahryman
Arkadagymyzy Windzor Patyşalyk atçylyk çykyşlarynyň guramaçylyk toparynyň
ýolbaşçysy Edward Benýon we Windzoryň guramaçylyk işleri boýunça wekili Sara
Ruterford-Jons mähirli garşyladylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli
sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Patyşa Karl III-ä hormatly Prezidentimiziň
iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, häzirki
döwürde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilmeginde ýokary
derejede geçirilýän duşuşyklara möhüm orun degişlidir.
Karl III türkmeniň ahalteke bedewleriniň dünýäde
meşhur atlar hasaplanýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň “At — myrat” diýen
paýhasly sözlerinde çuňňur manynyň bardygyny belledi. Şeýle hem ol geljekde
ahalteke atlarynyň üsti bilen iki ýurduň arasyndaky atçylyk hyzmatdaşlygyny
berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Karl III indiki ýyl Beýik
Britaniýada geçiriljek halkara atçylyk sport çärelerine behişdi ahalteke
bedewleriniň hem gatnaşdyrylmagyna garaşylýandygyny aýtdy.
Bu ýerde Milli Liderimiz Edinburgyň Gersogy Şazada
Edwardyň maşgalasy hanym Sofi Helen bilen gürrüňdeş boldy. Söhbetdeşlikde Sofi
Helen Türkmenistanda atlara uly sarpa goýulýandygyny belläp, özüniň hem
bedewlere söýgi bilen garaýandygyny beýan etdi. Ol Patyşa maşgalasynda atly
sportuň nesilden-nesle geçirilip gelinýändigini, bu däbiň geljek nesillere
ýetirilmegi ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygyny buýsanç bilen aýtdy.
Şazadanyň maşgalasy dünýäde atçylyk pudagyny ösdürmekde, oňa hemaýatkär
bolmakda taryhy işleri bitirýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny
bildirdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Onuň Alyjenaby,
Edinburgyň Gersogy Şazada Edward bilen duşuşdy. Şazada Edward Gahryman
Arkadagymyzy britan topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Beýik
Britaniýanyň Patyşasy Karl III-ä, şeýle hem Şazada Edwarda, onuň maşgalasyna
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de halkymyzyň adyndan toý sowgatlaryny
gowşurdy.
Milli Liderimiziň bu sapary Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly mümkinçiliklerini kesgitlemekde täze gözýetimleri açdy.