Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dag etekleriniň ähli
ajaýyplygyny özünde jemleýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk
toplumyna bardy. Häzirki wagtda toplumda düýpli döwrebaplaşdyrmak işleri batly
depginde dowam edýär. Onuň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zaman
talaplaryna, ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda edilýän
tagallalar öz oňyn netijesini berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň
çäginde ýaýbaňlandyrylan işler häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede alnyp
barylýar. Toplumyň bagy-bossanlyga bürenmegi ugrunda edilýän tagallalar oňyn
netijesini berýär. Munuň özi bu ýerde atşynaslar üçin bolşy ýaly, ahalteke
bedewleri üçin hem amatly mümkinçilikleriň üpjün edilýändigini görkezýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň
çäginde oturdyljak monitorlary, binalaryň aýnalaryny synlap, olara birnäçe
belliklerini aýtdy. Binalaryň içki bezeginde bolşy ýaly, olaryň daşky görnüşlerinde,
toplumyň çäginde goýulýan serişdeleriň aýratynlyklarynda-da bir bitewi sazlaşyk
döredilmelidir. Toplumyň çäginiň ýylyň ähli paslynda gök öwsüp durmagy ugrunda
zerur tagallalar edilmelidir. Gahryman Arkadagymyz bu babatda maslahatlaryny
berip, toplumyň çapuw meýdançasynyň tomaşaçylar üçin niýetlenen münberine
bardy. Bu ýerde at çapyşyklaryna tomaşa edýänler üçin zerur şertleriň
döredilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýär. Aýratyn-da, münberiň belent
mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen otagynda döredilýän mümkinçilikler häzirki
zaman talaplaryna laýyk gelmelidir. Milli Liderimiz münberiň ähli ýerinden at
çapyşyklaryny doly derejede synlamak babatda zerur şertleriň üpjün
edilmelidigini, oturgyçlaryň amatlylyk derejesiniň häzirki zaman talaplaryna laýyk
gelmelidigini belläp, munuň atçylyk sporty bilen gyzyklanýan adamlar üçin
döredilýän şertleriň esasy ugurlarynyň biri bolmalydygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem bu ýerde ýapyk görnüşli athana bolup,
onda bedewler üçin ähli amatlyklar döredilýär. Athananyň howa çalşygyny üpjün
etmek, atlary iýmlemek, suwa ýakmak ýaly işler sanly ulgam arkaly amala
aşyrylar. Mundan başga-da, bu ýerde atlaryň saglyk ýagdaýyna yzygiderli
gözegçiligi ýola goýmaga niýetlenen enjam oturdylýar. Emeli aňyň
mümkinçilikleri we sanly ulgam arkaly atlaryň saglyk ýagdaýyna degişli
maglumatlar ýörite merkezde jemlener. Toplumyň çäginde döwrebap
enjamlaşdyrylýan ýapyk maneže çäge düşelipdir. Hünärmeniň belleýşi ýaly, onuň
çägesi aşakdan çyglylandyrylar. Bu bolsa çägäniň dykyzlygyny üpjün edip, atlar
üçin amatlylygyň baş şertini emele getirer. Munuň özi ýurdumyzda atçylygy we
atly sporty ösdürmek, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak ugrunda
häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylýandygynyň
aýdyň mysalydyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyz bu ýerde gurluşyk we bezeg işleri boýunça häzirki zamanyň ösen
tejribesiniň, ylmyň soňky gazananlarynyň işjeň ulanylýandygyny aýdyp,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça
döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa bu ýerde ulanylýan tejribeleri özleşdirmek
babatda birnäçe maslahatlary berdi. Bu bolsa Arkadag şäheriniň gurluşygynyň
ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna, dünýäniň ösen
tejribesine laýyklykda dowam etdirilmeginde ähmiýetlidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmelere kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.