milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary
10 sagat soň 13 Habarlar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň rowaçlyklara beslenýän daşary syýasat strategiýasy netijesinde 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara çäreleri ýokary derejede guramak bilen bagly meseleler bilen gyzyklandy we halkara çäreleriň guramaçylyk derejesine degişli taslamalar bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Balkan welaýatyna iş saparyna ugramak üçin ir bilen paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Biraz wagtdan Gahryman Arkadagymyzyň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy deňiz ýakasyndaky şäheriň Halkara howa menzilinden täze ýylda ýokary derejeli halkara çäreleriň geçiriljek ýerine tarap ugrady.

Hormatly Arkadagymyz täze ýylda Hazaryň kenarynda meýilleşdirilen halkara çäreleriň geçiriljek ýerine geldi. Tutuş adamzat üçin taryhy ähmiýeti bolan meseleleri öz içine alýan halkara çäreleriň geçiriljek toplumynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, onuň girelgesiniň döwrebaplygy bilen tanşyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz binanyň içine girip, onuň enjamlaşdyrylyş derejesi, meýilleşdirilen halkara çäreleriň geçiriljek ýerleri bilen tanyşdy hem-de ýokary derejeli myhmanlaryň kabul ediljek ýerinde döredilýän şertleriň ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelmelidigini belledi. Şunda täzeçil usullaryň we sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ulanylmagyna zerur üns berilmelidir. 2026-njy ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulýan halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, oňa taýýarlygyň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň we innowasion tehnologiýalaryň peýdalanylmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň depginini güýçlendirmek zerurdyr.

Milli Liderimiz toplumyň giň möçberli maslahatlaryň geçiriljek ýerine geldi. Bu ýerde meýilleşdirilen halkara maslahatlaryň we forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir. Şunda binanyň içki bezeg işlerine, reňkleriň sazlaşygyna, onuň yşyklandyryş ulgamyna wajyp ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de bu babatda maslahatlaryny berdi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu ýerde döredilen mümkinçiliklerde we şertlerde ýurdumyzyň sanly tehnologiýalary özleşdirmekde ýeten derejesiniň öz beýanyny tapmalydygyny aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy bu toplumda ýokary tizlikli internet ulgamynyň, aragatnaşyk serişdeleriniň netijeli işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyza toplumda alnyp barylýan döwrebaplaşdyryş we bezeg işlerine degişli taslamalar, ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşleri görkezildi. Degişli ýolbaşçylar 2026-njy ýylda Hazaryň kenarynda halkara forumyň geçiriljek binasynyň ýerleşýän ýeriniň meýilnamasy, onuň bölümleriniň, mejlisler zalynyň teklip edilýän bezeg işleri, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri barada giňişleýin maglumat berdiler.

Bellenilişi ýaly, taýýarlyk we bezeg işleri taýýarlanylan meýilnama laýyklykda alnyp barlar. Şunda häzirki zamanyň ösen tejribesi, täzeçil tehnologiýalar netijeli ulanylar. Bu ýerde meýilleşdirilen işler ýurdumyzyň gurluşyk boýunça iş alyp barýan telekeçilerine ynanyldy. Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde türkmen telekeçileriniň, ähli ugurlarda bolşy ýaly, gurluşyk ulgamynda we binalaryň içki bezeginde-de işjeňlik görkezýändiklerini nygtap, meýilleşdirilen ähli işleriň ýokary hilli, kesgitlenen möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň wajyp wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda binanyň enjamlaşdyrylyşy bilen bir hatarda, onuň bezeginiň, toplumda goýuljak mebelleriň we olaryň reňkleriniň sazlaşygyna hem möhüm ähmiýet berilmelidir.

Mälim bolşy ýaly, halkara çärelere görülýän taýýarlyk işleriniň ählisi hormatly Prezidentimiziň yzygiderli gözegçiliginde saklanylýar diýip, Milli Liderimiz aýtdy we bu işlere dahylly düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belledi. Munuň özi işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder.

Gahryman Arkadagymyz öňde boljak halkara forumyň çäklerinde toplumyň çägindäki halkara derejeli sergileriň geçiriljek künjeginde alnyp barylýan işler bilen hem tanyşdy. Milli Liderimiz guraljak halkara sergide halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň öz beýanyny tapmalydygyny aýdyp, degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy giň möçberli forumyň köpugurly häsiýete eýe bolmagyna, onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine zerur üns berilmelidigini belläp, bu çäräniň halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugruny emele getirýändigini we giň möçberli serginiň forumyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny üpjün etjekdigini aýtdy. Munuň özi ýurdumyzyň ähli düzümleriniň ösüşiniň, ykdysadyýetiň pudaklarynyň, önümçilik düzümleriniň kuwwatynyň we halkymyzyň ýokary durmuş derejesiniň aýdyň beýanyna öwrülmelidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri meýilleşdirilen işleri ýokary derejede alyp barmakda hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Gahryman Arkadagymyz dikuçarda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýokarsyndan öwrüm edip, bu ýerde alnyp barylýan işler, Hazaryň kenarynyň tebigy aýratynlyklaryny we öz çägini giňeldýän syýahatçylyk zolagynyň täze binalary, ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz dikuçardan halkara ulag geçelgesiniň gurluşygynda alnyp barylýan işleri synlady. Ýurdumyzda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýollaryň gurluşygy häzirki zamanyň ösen tejribeleri we täzeçil usullar esasynda alnyp barylýar. Bu bolsa ýol gurluşygynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini şertlendirýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň çäklerinde-de döwrüň talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýän ýollaryň gurluşygyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Awazanyň önümçilik toplumlaryny synlady. Şunda Awazanyň ýokary kuwwatly elektrik bekediniň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy Hazar deňziniň kenaryndaky önümçilikleriň, şypahana düzümleriniň, myhmanhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň baş şertini emele getirýär.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlary bilen bir hatarda, Balkan welaýatynyň önümçilik toplumlarynda alnyp barylýan işleriň hem depgini barha ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde himiýa senagatynyň işi kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna şu gezekki iş saparynda “Garabogazkarbamid” zawodynyň işiniň talabalaýyk alnyp barylmagy bilen baglanyşykly meselelere hem üns berildi.

Häzirki wagtda “Garabogazkarbamid” kärhanasynda önümçiligiň depginini ýokarlandyrmak, kärhananyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Munuň özi himiýa senagatynyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda ähmiýetlidir.

Şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ähli düzümlerinde ýyllyk meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda tagalla edilýär.

Gahryman Arkadagymyz uçuşy tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza tarap ugrady. Biraz wagtdan Milli Liderimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy.