Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň
aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp,
onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we
gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
...Ir bilen häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen
milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine
gelende, Gahryman Arkadagymyza ikinji tapgyryň möhüm desgasy bolan lukmançylyk
klasteriniň önümçilik kärhanalarynyň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek
ýerleriniň çyzgylary görkezildi.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp
barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagy maksat edinýän bu gezekki
duşuşyga-da ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolan Ýaponiýanyň «Sumitomo
Heavy Industries, Ltd.», «Sumitomo Heavy Industries Plastics Machinery» we
Koreýa Respublikasynyň «EM Korea Co., Ltd.», «Korea Meditech Co. Ltd.» ýaly
kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumynyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman
senagaty ministrliginiň, lukmançylyk klasteriniň gurluşygyna, önümçilik
kärhanalarynyň enjamlaşdyrylyşyna gatnaşýan “Garagum” hojalyk jemgyýetiniň
ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky we Koreýa Respublikasyndaky ilçileri
gatnaşdylar. Bu ýerde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik
kärhanalarynda ulanylýan ýerli çig mallaryň we olardan alynýan önümleriň
hiline, ekologik derejesine berlen laýyklyk güwänamalarynyň görnüşleri, himiýa
senagatyna degişli önümleriň ynsan saglygyna ýetirýän täsiriniň barlaglaryna
degişli güwänamalar görkezildi. Aýratyn-da, klasteriň ISO standartlaryna laýyk
gelýän güwänamalaryna möhüm orun berildi.
Milli Liderimiz geljekde lukmançylykda ulanyljak
serişdeleri öndürmekden başlap, olary sarp etmäge çenli alnyp baryljak işlerde
arassa, ekologik talaplara laýyk gelýän ýerli çig mallaryň ulanylmalydygyna,
ondan alynjak önümiň ýokary hilli bolmalydygyna, içerki bazarlarymyzy doly
üpjün etmelidigine we galan böleginiň eksporta gönükdirilmelidigine
ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Şoňa görä, Gahryman Arkadagymyz şäheriň
gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ulanylýan serişdeleriň hilini we berkligini
aýratyn gözegçilikde saklamalydygyny belledi. Şunda gurluşyklaryň depgininiň
ýokarlandyrylmagyna, işleriň häzirki zaman talaplaryna we dünýäniň ösen
tejribesine laýyk gelmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir.
Halk Maslahatynyň Başlygy şu gün täze şäherde hormatly
Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, lukmançylyk klasteriniň önümçilik
kärhanalarynyň gurluşygyna badalga berilmegine bir ýyl bolýandygyny aýtdy.
Munuň özi “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 —
2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”,
«Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasynda»
kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda edilýän
tagallalaryň aýdyň netijesidir. Şunda ýerli çig mallaryň esasynda ýola goýulýan
önümçilikleriň halkara görkezijilere gabat gelmegi möhüm talap hökmünde
kesgitlenendir diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy we bu babatda degişli
ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň
gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň gurluşygynyň
ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, lukmançylyk
klasteriniň desgalarynda önümçiligi meýilleşdirilýän dürli görnüşli harytlary
öndürmekde ulanylýan ýerli çig mallaryň ISO standartlaryna alnan laýyklyk
güwänamalary we olaryň hil derejesi barada giňişleýin maglumat berdi. Milli Liderimiz
degişli komitetiň bu ugurdaky işleriň göwnejaý alnyp barylmagyny hemişe
gözegçilikde saklamalydygyny, her bir öndürilýän we öndüriljek önümiň hil
barlagyny geçmelidigini, döwrebap enjamlaryň işleýiş ukybyny seljermelidigini
aýtdy.
Soňra “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Gyýanlydaky polimer zawodynyň
ýolbaşçylary degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, önümçilik
kärhanalarynyň işini talabalaýyk guramak, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli
çig mal serişdeleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça edilýän
tagallalar barada maglumat berdiler. Milli Liderimiz senagat toplumlarynyň
ýolbaşçylaryna ýüzlenip, önümleriň hilinden başlap, onuň mukdarynyň, esasan-da,
görnüşleriniň artdyrylmalydygyny aýratyn nygtady.
Bu ýerde Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň dünýä
belli kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň
önümçilik kärhanalaryny enjamlaşdyrmak wezipesiniň ynanylandygy we döwlet
tarapyndan ähli zerur goldawlaryň berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize
hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly,
ähli meýilleşdirilen işler ýokary hil derejesinde, kesgitlenen möhletlerde
berjaý ediler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda alnyp
barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny,
oňa yzygiderli gözegçiligiň üpjün edilmelidigini belläp, işleriň öz wagtynda
ýerine ýetirilip, görkezilen möhletinde tamamlanylmalydygyna ünsi çekdi.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde öndürilýän önümleriň saglygy goraýyş ulgamynda
işjeň peýdalanylýandygyny, olaryň ekologik taýdan arassadygyny nygtady. Şunda
kärhanalarda ornaşdyryljak enjamlaryň önümçilik derejesiniň ýokary halkara
görkezijilere laýyk gelmegi hökmany talap hökmünde kesgitlenendir.
Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň
Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynda oturdyljak
enjamlaryň yzygiderli getirilmegi ugrunda zerur tagalla edýändikleri barada
aýdyldy. Enjamlaryň hil derejesine, öndürijilik ukybyna degişli gözegçilik ýola
goýuldy. Şeýle hem kompaniýalaryň ýolbaşçylary bu ýerde Merkezi Aziýa sebitinde
ilkinji gezek ornaşdyrylýan enjamlaryň hiliniň ýokary halkara görkezijilere
doly laýyk gelýändigini aýdyp, olaryň önümçiliginiň sazlaşykly alnyp
baryljakdygyna ynandyrdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri lukmançylyk klasteriniň
ynsan saglygy üçin ähmiýetli, dünýäniň saglygy goraýyş edaralary üçin zerur
hasaplanýan serişdeleriniň hil derejesiniň ýokary bolmagynda möhüm orny
eýelejek enjamlaryň bökdençsiz getirilmegi bilen bagly meseleleriň gözegçilikde
saklanmalydygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.
Nygtalyşy ýaly, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynda
öndürilýän önümleri, hususan-da, lukmançylyk lybaslary, sargylar, erginler,
derman serişdeleri we beýleki önümler ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralary üçin
zerur bolup durýar. Olar ilatyň saglygyny goramakda uly mümkinçiliklere eýedir.
Şeýle-de bu önümler dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Gahryman
Arkadagymyzyň tagallalary, hormatly Prezidentimiziň ýardamy bilen geljekde bu
önümleriň möçberidir görnüşleri has-da artdyrylar. Häzirki döwürde bu harytlary
halkara bazarlarda “Türkmenistanda öndürildi” diýen ýazgy bilen görmek örän
guwandyryjydyr.
Gahryman Arkadagymyz alnyp barylýan gurluşyk işlerini
çaltlandyrmagyň, Arkadag şäheriniň senagat taýdan sazlaşykly ösüşini ýola
goýmagyň möhüm talap bolup durýandygyny, bu işlerde ýolbaşçylara uly ynam bildirilýändigini
aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Ýaponiýadaky we
Koreýa Respublikasyndaky ilçihanalarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni ýurtlarymyzyň
arasyndaky dostlukly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ugrunda zerur tagallalaryň
edilmelidigi baradaky meselä çekip, kompaniýalaryň Diýarymyzda alyp barýan
işlerini utgaşdyryp, bu ugurda zerur çäreleri görmek babatda birnäçe
maslahatlaryny berdi.
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäherdäki
umumybilim berýän mekdebi döwrebaplaşdyryp, ony daşary ýurt dillerini öwredýän
ýöriteleşdirilen mekdebe öwürmek boýunça meýilleşdirilen işler barada maglumat
berdi.
Milli Liderimiz bu çözgüdi oňlap, ýöriteleşdirilen
mekdebiň ähli düzümleriniň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, lingafon otaglarynyň
we beýleki okuw otaglarynyň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi bilen
baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda dünýäniň
ösen tejribesiniň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň özleşdirilmegi möhüm
wezipedir. Hormatly Arkadagymyz bu mekdebiň ýaşlary bakalawr, magistratura ýaly
ugurlara gönükdirmäge ýöriteleşdirilen bilim ojagy bolmalydygyny nygtady. «Ony
tamamlan okuwçylar öz islän hünäriniň eýesi bolmakda uly mümkinçiliklere eýe
bolarlar. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň dil öwrenmegi, dünýä ylmyna çuňňur
aralaşmagy bilen bagly meseleleriň oňyn çözülmegine täsirini ýetirer. Şu maksat
bilen, mekdebiň binasynyň ösen talaplara laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna
hemmetaraplaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir» diýip, alym
Arkadagymyz belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary täze ýyl
bilen gutlap, hemmelere kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde
uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.