milli goshun logo
Türkmen dünýäsiniň ýüregi
Türkmen dünýäsiniň ýüregi
13.05.2021 932 Aşgabat - 140 ýyllygyna

(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

Dünýäde biri-birinden zyýada şäherler köp. Emma şeýle bir şäherler bar: özüne, adyna, taryhyna we şu gününe, milliligine mahsus ajaýyplyklary bilen göreniň nazaryny egleýär. Biziň ata Watanymyzyň paýtagty — ine, şeýle şäher. Aşgabada bir gelen adam ýene-de gelmegi arzuwlaýar. Türkmen ertekileriniň birinde aýdylyşy ýaly, ony görenem armanda, görmedigem. Aşgabat türkmeniň kalby deý ak, zandy ýaly tämiz şäher. Onuň başy bulutlary sermeýän her bir binasynda, çar ýana uzaýan ak ýollarynda türkmen ruhunyň beýany mesaňa bildirip dur. Paýtagtymyz şöhratly we baý taryhymyzy, şuglaly şu günümizi, beýik geljegimizi şöhlelendirýär.

Aşgabat — asuda, abadan ýaşamak üçin iň amatly we iň howpsuz şäher.

Aşgabat — gözelligiň, döwrebap binagärligiň nusgasy.

Aşgabat — sebitde we dünýäde ykbal özgerdiji çözgütleriň kabul edilýän ylalaşdyryjy merkezi.

Aşgabat — ylmyň we bilimiň, medeniýetiň ojagy.

Aşgabat — ekologiýa taýdan arassa şäher.

Aşgabat — döredijileriň, gurujylaryň, gujurlylaryň şäheri.

Aşgabat — söýginiň şäheri.

Şeýle hakykatlary isledigiňçe uzaldybermeli. Olaryň ählisini jemläniňde, bir netije gelip çykýar: Aşgabat — türkmen dünýäsiniň ýüregi.

Ählimiziň bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň paýtagtynyň çäkleri giňeldildi. Aşgabat dünýä derejesindäki iri şäherleriň birine öwrüldi. Aşgabadyň özboluşly desgalary Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna on bir gezek girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusga alarlyk mysalydyr.

140 ýaş ýubileý toýuny garşylamagyň bosagasynda duran ak şäherimiz bu gün wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýär. Paýtagt şäherimiz diňe bir ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň öňbaşçysy bolmak bilen çäklenmän, bütin dünýäde gözelligiň gaýtalanmajak nusgasyna öwrüldi. Onuň gündizki hem gijeki görki adamlaryň kalplaryny heýjana getirýär.

Türkmeniň toýy goşa-goşadan gelýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň we Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýunyň bellenilmegi halkymyzyň buýsanjyny-da goşalandyrýar. Ýylymyzyň möhüm senelerine öwrülen bu wakalar halkymyzyň, Watanymyzyň şöhratyny has-da dabaralandyrar.

Şu ýylda paýtagtymyzda durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi halkyň hyzmatyna berler. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän paýtagtymyzyň Tähran köçesiniň ugrunda gurulýan Söwda we dynç alyş merkezli desgalar toplumyna bolsa, hut paýtagtymyzyň adyny dakmak teklip edildi. Aşgabadyň şanyna şan goşjak desgalaryň gurluşygy toplumlaýyn alnyp barylýar.

Milli Liderimiz Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň başyny başlaýjy bolmak bilen, onuň durmuşa geçirilişini yzygiderli gözegçilikde saklap, alnyp barylýan işleriň barşy bilen gönüden-göni ýerinde gyzyklanýar.

Bütin türkmen halky taryha möhüm sene bolup girjek şeýle wakalaryň şaýady bolmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Watandaşlarymyzyň iň oňat arzuw-umytlary hem ýakynlaşyp gelýän şanly sene bilen baglanyşyklydyr.

«Milli goşun».