(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
Her gezek Aşgabada gitmeli bolamda, näme üçindir, ýüregim birhili çalt uran ýaly bolup, meni üýtgeşik bir duýgy gaplaýar. Ine, ýene-de ak şäherim Aşgabada diýip, iş sapary bilen ýola düşdüm. Ýol uzak bolansoň, kä aýdym diňläp, käte süýji ymyzganyp, wagtyň hasabyny ýitirdim. Alys menzilleri söküp, paýtagta geldim. Şähere girenimden ýoluň argynlygyny duýmaga derek, gözlerim nurlanan ýaly boldy.
Demir ýol menzilinden awtoulaga münüp, barmaly ýerime ugradym. Merjen şäheriň gözelligini ýolugra ulagyň aýnasyndan mazaly synlap gideýin diýip, sürüjiden ulagy howlukman sürmegini haýyş etdim. Şol barşyma «Aşgabat» seýilgähine gözüm düşdi. Az-kem gezim etmek höwesi rüstem çykdy. Şu ýerde galdym. Ulagdan düşüp, seýilgähe girenimem şoldy welin, ýaşy bir çene ýeten ak saçly enäniň agtyjaklary bilen şadyýana dynç alýanyna gözüm düşdi. Olaryň ýüzleriniň nurdan, ýürekleriniň şatlykdan, bagtdan doludygyny sözsüz «okabermelidi». Şeýle bagtly pursatyň deňinden geçip bilmedim. Enäniň deňinde saklandym.
Biziň sözümiz alyşdy. Ene öz agtyklarynyň şadyýan oýunlaryna seredip, özüniň ýaşlyk ýyllary hakynda täsirli gürrüň etdi. Müň bir hupbatly günleri başyndan geçiren enäniň bu günki bagtyýarlyk döwrümize buýsanjynyň uludygy özünden düşnükli bolsa gerek?! «Çaga döwrümizde eşiden ertekilerim ýadyma düşýär. Şonda äpet köşkler, başy bulutlary sämeýän ymaratlar hakda eşidip, agzymyzy açyp diňlärdik. Indi, görýäňmi, ak mermere bürenen paýtagtymyz ertekileri-de gaýra duruzýar» diýen sözler enäniň tüýs ýüreginden çykan kelam.
Aşgabat – aşyk abat. Hakyt aşyklaryň şäheri! Bagtyýarlygyň mesgeni! Abadançylygyň mekany! Çagalar bagtyň goýnunda ösüp, kemala gelýärler. Söhbetdeşimiň aýdyşyna görä, bir wagtlar bu ýerlerde açylyp duran gül seýrek duşýan eken. A häzir bolsa, eliňi uzadan ýeriň güller, owadan gunçalar. Bu görnüşler şäheriň gözelligi bilen kämil derejede sazlaşýar. Köçeleri köp gülli şäher dünýäde on sany bar bolsa, meniň pikirimçe, şolaryň biriniň gözel paýtagtymyz bolmagy çen däl.
Aşgabadym! Ak mermerli merjen şäherim! Seniň owadanlygyňy, asudalygyňy synlap, zybanyma şirin sözler aýlanýar. Galam ýöredýän bolsaň, sen barada ýazmazlyk mümkin däl. Aşgabat – şahyrlaryň-a, tüýs ylham çeşmesi. Ylhamyňa ylham goşýan aşyklaryň şäheri Aşgabat!
Arkadagyň sungat eserine öwrülen şäher – Aşgabat! Her gezek seň goýnuňa gelemde, her gezegem öňküden has gözelleşýäň. Myhmanlara ak gujagyny açýan myhmansöýer paýtagtym! Seň goýnuňda ýaşamag-a beýle-de dursun, wagtal-wagtal gelip myhman bolup gitmegiň özi hem ullakan bir bagt!
Aşgabadym aşyklaryň şäheri,
Seň goýnuňa ýene geldim seýrana.
Ak binalaň ýatladyp dur merjeni,
Gözelligiň goýýar meni haýrana.
Çalýan sazlarymy ýatladyp dur-la,
Şybyr-şybyr sesi çüwdürimleriň.
Ýaýradyp dur ysyn sagy hem sola,
Köçeleri bezäp duran gülleriň.
Ak şäherim, akja arzuwlam bilen,
Seýil edýän tämiz howaňdan doýup.
Hyýallara çümýän men telim ýene,
Ähli gözelligňi ýürekden duýup.
At-abraýyň artsyn dünýäň ýüzünde,
Asmanyň arassa hem açyk bolsun!
Ak şäherim, ak paýtagtym, merjenim,
Goýnuňda hemişe toýlaryň bolsun!
Ranogül BAÝNAZAROWA.