22.06.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
«Meniň kakam» filmi – «Aşgabat bahary» kinofestiwalynyň ýeňijisi
«Meniň kakam» filmi – «Aşgabat bahary» kinofestiwalynyň ýeňijisi
25.05.2021 205 Aşgabat - 140 ýyllygyna

Ýekşenbe güni «Aşgabat» kinoteatrynda Türkmenistanyň telewideniýe, radio we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan gurnalan «Aşgabat bahary» atly gysga metražly filmleriň bäsleşiginiň ýapylyş dabarasy bolup geçdi.

Bu döredijilik bäsleşigi şu günler 140-ýyllyk toýy toýlanýan paýtagtymyzyň durmuşynda örän möhüm wakalaryň biri boldy. «Aşgabat» kinoteatryna milli kino sungatynyň wekilleri, metbugat we onlaýn neşirleriň, KHS –niň wekilleri we aşgabatly kinonyň muşdaklary ýygnandy.

Kinobaýramçylygynda bäsleşigiň maksatnamasyna giren 33 filmi döredenleriň başdan geçirýän tolgunmalary hakda «AA» elektron neşiri öz okyjylaryna yzygiderli habar beripdi. Bäsleşigiň tamamlanan güni kinorežissýor Wepa Işangulyýewden (başlyk), Türkmenistanyň halk artisti aktýor Nurberdi Allaberdiýewden, Türkmenistanyň halk artisti režissýor Ilmyrat Bekmiýewden, Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň suratkeşi Baýram Pamakulyýewden, kinorežissýor Bilbil Mämmedowdan, kinooperator Öwez Welmyradowdan we dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowdan ybarat emin agzalary kyn we jogapkärli wezipäni çözmeli boldular.

Kino bilermenleri «Eminleriň saýlany», «Iň gowy ssenariý», «Iň gowy erkek keşbi», «Iň gowy aýal keşbi», «Iň gowy operator işi», «Iň gowy režissýor», «Iň gowy film», «Tomaşaçynyň halan kartinasy» ýaly esasy baýraklaryň ýeňijilerini kesgitlemekden daşgary, oňa gatnaşan käbir aktýorlary hormat hatlary bilen sylagladylar.

Kiçiräk arakesmeden soň festiwalyň baş baýraklaryna mynasyp bolanlaryň atlaryny bilmäge nobat ýetdi.

«Eminleriň saýlany» baýragyna «Meniň kakam» filmi üçin Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşmesinde işleýän Nurýagdy Şyhyýew mynasyp boldy. «Watanym, şöhratym-şanym Aşgabat!» atly işiň awtory – Medeniýet institutynyň talyby Jumanepes Çaryýew «Iň gowy ssenariý» üçin berilýän baýragy eýeledi.

«Iň gowy aktýor» diýlip, Döwlet gurjak teatrynyň döredijilik kollektiwiniň festiwal üçin taýýarlan «Baky juwan Aşgabat!» taslamasynda baş roly oýnan ýaş aktýor Iskender Rejebow, «Iň gowy aktrisa» diýlip bolsa «Meniň kakam» filminde oýnan Enaý Eýeberdiýewa ykrar edildi.

«Iň gowy operator işi» boýunça bäsleşikde ýeňiş «Gahrymanlar kalbymyzda baky ýaşar» filmini surata düşüren aşgabatly Hanjar Sopyýewe ýar boldy.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde «Owaz» atly filmi goýan Batyr Batyrow festiwalyň iň gowy režissýory baýragyna mynasyp boldy.

«Tomaşaçynyň halan kartinasy» baýragyna bolsa Baş drama teatrynyň «Doglan günüň gutly bolsun, Aşgabat!» atly işi laýyk görüldi.

Kinobäsleşigiň ýeňijisi diýlip, «Meniň kakam» atly çeper film yglan edildi.

Dabara tamamlanandan soň, «Aşgabat baharyny» guranlar we baýrak alanlar bäsleşige hödürlenen işleriň döreýşi barada giňişleýin gürrüň berdiler we kino jadysy bilen galtaşmagyň özlerinde galdyran ýakymly täsirlerini köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen paýlaşdylar.