milli goshun logo
Kämil sazlaşygyň ajaýyp miwesi
Kämil sazlaşygyň ajaýyp miwesi
19.05.2021 1070 Aşgabat - 140 ýyllygyna

(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

Taryp edilýän gözel paýtagtymyz bilen baglanyşykly her bir ösüşe, özgerişe edil, öz öýümize täze bir zat alanymyzdaky ýaly begenýäris, buýsanýarys. Ak bagta meňzeş baş şäherimiz ýurdumyzyň ajaýyp ösüşleri barada sözsüz söhbet açýar.

Her bir döwrüň öz aýratynlygynyň, keşbiniň bolşy ýaly, her döwrüň binagärliginiň-de özboluşly ýüzi bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan döreýän binalaryna nazar aýlanyňda, gaýtalanmajak özboluşlylyk göwnüňe ganat bagladýar. Paýtagtymyzda, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň çar künjeginde gurulýan binalarda milli özboluşlylyk, ýerli tebigy aýratynlyklar göz öňünde tutulýar. Şonuň bilen birlikde, binagärlik toplumlarynyň tebigatyň ajaýyp görnüşleri bilen sazlaşygy emele getirilmegine uly üns berilýär. Bu sazlaşyklar bolsa, paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň gözelligine gözellik goşýar. Hakykatdan-da, ynsan durmuşynyň gözelligi diňe bir ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy bilen däl, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgeleri, milli, ruhy gymmatlyklar bilen sazlaşygyň üpjün edilmegi bilen hem baglydyr.

Binagärlikde sazlaşygyň bolmagy ilkinji nobatdaky talaplaryň biri. Bu babatda «Sebitiň binagärlik dürdänesi» diýlip atlandyrylýan paýtagtymyzyň binagärlik keşbindäki, gurluşyklardaky sazlaşygy göwnüňi göterýär. Çünki paýtagtymyzda ajaýyp zamanamyzda peýda bolan binalaryň ählisinde, ilki bilen, milli özboluşlylygyň häzirki zaman binagärliginiň gazananlary bilen sazlaşygy göze ilýär. Uzaga gidip oturmalyň, geçen ýylda açylyp, ulanylmaga berlen «Jahan» döredijilik merkezini, «Diwan» myhmanhanasyny ýa-da «Mahabat» binasyny... alyp göreliň. Bu binalar gadymy goçak nagşy, dagdan nagşy, haly göllerimiz... ýaly milli nagyşlara beslenendigi bilen göreni haýrana goýýar. Aýratyn-da, «Mahabat» binasy tutuşlygyna sekizburçluk nyşanyny alamatlandyrmak bilen, alyslardan – Oguz han atamyzyň döwürlerinden söhbet açýar.

Her bir ädimde geçmiş taryhymyz, milli gymmatlyklarymyz barada gürrüň açyp durmagy gözel paýtagtymyzy göýä dana, gürrüňçil goja meňzedýän bolsa, al-elwan güllere, ýaňy pyntyk ýaran baglara bürenen seýilgähleri, akja güllere beslenen gezelenç ýodalary, oklaw ýaly şaýollary synlanyňda, ony kalby joşgunly juwana meňzedýär.

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda esaslandyrylanyna 140 ýyl dolýan paýtagtymyzyň ajaýyp binalary, seýilgählerimizi, köçelerimizi bezeýän heýkeller halkymyzyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhy, şol taryhyň dowamynda dünýä beren milli-medeni gymmatlyklary, merdana ärleri, akyldarlary barada söhbet açýar. Dünýäniň çar künjeginden gelýän myhmanlar bolsa, şol söhbetlerden kalbyny gandyrýarlar hem ol gürrüňleri zemine ýaýýarlar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan köpugurly we sazlaşykly syýasatynyň ajaýyp miweleridir.

«Milli goşun».