Ýakynda ýurdumyza jemagat hojalygynyň düzümlerine
niýetlenen köp sanly täze tehnikalar gelip gowuşdy. Gahryman Arkadagymyzyň ýola
goýan işlerini döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli dowam etdirmegi netijesinde satyn
alnan döwrebap tehnikalaryň ýurdumyza gelip gowuşmagy «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde
Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň Jemagat hojalygy
birleşikleriniň işgärleri üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi.
Ajaýyp waka mynasybetli Aşgabatda hem-de Ahal, Balkan,
Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlikleriniň Jemagat hojalygy
birleşiklerinde geçirilen dabaralarda çykyş edenler Arkadagly Gahryman
Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzyň jemagat hojalygy pudagyna niýetlenip satyn
alnan täze, ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň, tehnikalaryň we enjamlaryň täze
ýylyň ilkinji günlerinde pudagyň işgärleri üçin ajaýyp sowgada öwrülendigini
nygtadylar.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde jemagat
hojalygynyň düzümleri üçin ýurdumyza getirilen täze, döwrebap tehnikalaryň
hatarynda zeý suwuny sorujy we ýokary basyşda lagym ulgamlaryny arassalaýjy
awtoulaglar, süpüriji-ýuwujy, gapdalyndan zir-zibil ýükleýän, konteýnerli
zir-zibil daşaýan, ýol germew we barýer ýuwýan ýöriteleşdirilen awtoulaglar,
ýol ýuwujy-süpüriji kiçi maşynlar, agaç owradyjy, şeýle-de 25 tonnalyk ýük
göterijiler, suw daşaýjy, ýol ýuwujy, gidrogaldyryjylar, göteriji enjamly kiçi
ýol ýuwujy awtoulaglar, hereketdäki ussahana awtoulaglary, ýörite agyr
awtoulaglar tirkewi, ýükleýji ekskawator, öňtaraplaýyn uly ýükleýjiler, tekerli
ekskawatorlar, zir-zibil daşaýjy ulag üçin açyk görnüşli konteýnerler, baglary
göçürmek üçin enjamlar, aýratyn dakylýan enjamlar bar. Şeýle hem pudagyň
işgärleri üçin 24 adamlyk awtobuslar satyn alyndy.
Täze tehnikalar halkymyzyň milli däp-dessurlaryna
laýyklykda, ak un sepilip kabul edildi hem-de önümçilikde, hyzmat ediş
işlerinde howpsuz we uzak wagtlap ulanylmagy arzuwlanyp, olara alajalar
daňyldy. Il sylagly ýaşulular doga-dileg edip, olaryň işine ak ýol arzuw
etdiler.
Soňra jemagat hojalygy pudagynyň ýöriteleşdirilen
awtoulaglary ýollarda hereket edip başladylar. Şeýle döwrebap tehnikalaryň
satyn alynmagy ýerine ýetirilýän işleriň hiliniň we medeniýetiniň ýokary bolmagyny
üpjün edýär. Türkmenistanda işletmek üçin daşary ýurtlardan satyn alynýan
tehnikalar ýurdumyzyň toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp, ýörite
gurnalýar. Satyn alynýan tehnikalara bildirilýän şeýle talap olaryň uzak
wagtlap, ýokary hilli hyzmat etmegini gazanmakdan ybaratdyr. Jemagat
hojalygynyň we beýleki degişli gulluklaryň işiniň talabalaýyk ýola goýulmagy,
ilatly ýerlerde ýokary hilli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň
geçirilmegi, pudagyň düzüminde kuwwatly tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagy
häzirki döwrüň möhüm talaby bolup, şunda şäherleriň sagdyn ekologik ýagdaýynyň
üpjün edilmegi ileri tutulýar.
Täze tehnikalara erk etmek pudakda köp ýyllardan bäri
üstünlikli zähmet çekýän işgärlere ynanyldy. Olar öz iş tejribelerini ulanyp,
tehnikalary dolandyrmak arkaly gündeki wezipelerini ýerine ýetirmäge
girişdiler. Satyn alnan kuwwatly tehnikalar jemagat hojalygy pudagynyň
tehniki-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyryp, öňde goýlan wezipeleri
ýokary hilli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.