Köplere adaty, özüme täsin görünen bir wakany
gürrüň bereýin. Dogrusy, munuň nämesi täsinem diýýärin. Ýöne täsindigini
ýüregim duýýar, ýazyp düşündirip biljegime welin ynamym ýok.
Bir gün uzagyrakdan iki sany esgere gözüm düşdi.
Olaryň birine agtygymmyka diýipdirin. Boýy, ýöreýşem edil şol. Ol töweregine
garanjaklap, birini gözleýän ýalydy.
Göwnüme gelýän zada seretsene – ol meni
gözleýärmikä diýipdirin.
Heniz esgerlige alynmanka, agtygymy iş ýerime
äkiderdim. Bellije ýol. Agtygymam ondan bir däl, üç-dört geçip görüpdi. Ine,
häzirem ol gulluk ýerinden rugsatnama alyp gelendir-de, meni duýdansyz
begendirjek bolup işe gaýdýan ýolumda garaşýarmyka diýipdirin. Hernä agtygymyň
adyny tutup gygyrmadym. Ýigrimi ädim töweregi ýakynlanymdan soň ýalňyşanymy
bildim. Çenimiň ýalňyş çykanyna gynanjymdanmy ýa utandymmy, ses-üýnsüz
geçiberjek boldum, emma olar salam berdiler. Ellerini başlaryna ýetirip
«Salowmaleýkim, agam» diýdiler. Olaryň ellerini başlaryna ýetirmesi «Başymyzyň
üstünde ornuňyz bar» diýlen ýaly göründi. Salamlaryny alyp, hal-ýagdaýlaryny
soradym. Gysgaça «şükür, gowy» diýdiler. Göwnüm olar bilen söhbet edenimi
isleýär, aňym welin, ejap etdi. Bar aýdan zadym: «Meňem siz ýaly agtygym gullukda».
Olar ýylgyrdylar. Waka şunuň bilen tamam boldy. Esgerler öz ýollary bilen gitdiler,
menem öz ýolum bilen.
Görşüňiz ýaly, bärde täsin diýere zat ýok. Ýöne
Mejnuna-da «Leýliň nämesi owadan? Beýleki gyzlardan üýtgeşik ýerini göremizok»
diýipdirler. Mejnunam: «Leýliniň owadanlygyny görjek bolsaňyz, oňa meniň gözüm
bilen serediň» diýipdir. Bu wakadaky täsinligi görjek bolsaňyz, oňa agtygy
gulluk edip ýören ataň gözi bilen serediň. Ine, olar maňa bada-bat
düşünendirler.
Eslije daşlaşanymdan soň, esgerleriň yzyndan
seretdim. Bilip eden ýaly, olaram yzlaryna seretdiler hem hoşlaşyp ellerini
galgatdylar. Menem elimi galgatdym hem näme üçindir bogazym doldy. «Agtygym
gullukda» diýemde, esgerleriň seredişi başgady. Olara seredýärkäm, meniň
gözlerimem agtygymy görýärdi. Kim bilýär, olaram mende atalaryny görendirler?
Şol wagt aralykda täsin ýakynlyk, baglanyşyk dörän ýaly boldy. Soňam adaty
durmuşa gaýdyp geldim. Ýok, olar agtygym däldiler. Agtygym meni görenden ylgap
gelip, garsa gujaklaşardy... «Ata, ata, nädip tanadyň?» diýerdi, enesini
sorardy... Egin direşip ýörärdik. Men onuň boýuna guwanardym... Her kim, her
esger, her ata, her içeri başga-başga...
Emma uzakdan göremden esgerleri agtygyma
meňzedesimiň gelip meňzedendigimi boýun alaýyn. Soň weli, olary hakykatdanam
agtygymdan tapawatlandyrmadym. Olar agtygymdylar. Göwnüm olary gujaklap, ruhum
olar bilen egin direşip ýöredi. Çünki, olaram bir gül. Hersi bir bagyň güli.
Olaryň güldüklerini görmegi başarmaýan bolsam, öz gülümem görýän däldirin.
Başga-başga diýýän içerilerim, güllerim birleşip, milletimi, ýurdumy, Watanymy
emele getirýär. Şol gülleriň owadanlygy, ysy, miwesi bilen milletim – millet,
Watanym Watandyr.
Ine, bu ýönekeýje waka mende şeýle duýgulary
oýardy. Ony täsin görenimem, mümkin, şondandyr.
Ylýas Amangeldiýew.