Taryha nazar
aýlasak, düýe maly adamzada zerur bolan azyk önümçiligi, senagat pudaklary üçin
çig mal çeşmesi, hojalykda ulag hyzmaty hökmünde giňden ulanylypdyr. Uzak
aralyklary gysgaldyp, halklar arasynda alnyp barylýan söwda gatnaşyklary-da,
düýeleriň kömegi bilen amala aşyrylypdyr. Tehniki ulaglaryň heniz biziň
durmuşymyzda ýok wagtlary, düýeleriň kömegi bilen ýurtlar gülläp ösüpdir. Şonuň
üçin hem türkmen halkymyz: «Düýeli baý – dünýeli baý» diýip, ýöne ýere
aýtmandyr. Düýeler taryhda ägirt uly harby-strategik wezipeleri hem ýerine
ýetiripdir. Düýeleriň kömegi bilen harby ýörişler guralypdyr, goşunyň
harajatlary we sülsady uzak aralyklara daşalypdyr. Şeýle parahat, äwmezek,
boýun egiji janawer, gör, nähili pajygaly wakalaryň şaýady, hat-da şol
wakalaryň gatnaşyjysy bolmaga-da mejbur bolupdyr. Türkmen halky üçin düýe maly
has-da gymmatly jandardyr. Howp abanan pursady düýe maly türkmenleriň penasyna
öwrülipdir.
Taryhy
çeşmelerde düýäniň söweş maksatlary üçin ulanylandygy barada köp gyzykly
maglumatlar saklanyp galypdyr. Meselem, ahemeni patyşasy Kiriň (b.e. öňki VI
asyr) goşunynda düýeli bölümleriň bolandygyny taryh tassyklaýar. Araplar hem öz
harby hereketlerinde düýäni giňden ulanypdyrlar. Irki döwürlerde her düýä iki
bolup münüpdirler. Olaryň biri düýäni dolandyrsa, ikinjisi ok-ýaý atypdyr ýa-da
uzyn naýzalary ulanypdyr. Soň-soňlar ol hereketleri bir adam amala aşyryp
başlapdyr.
Süri-süri
mallar, şol sanda düýeler Çingiz hanyň we Teýmirleňiň basybalyjylykly
hereketleriniň esasy serişdesi bolupdyr. Ok-däriler, ýaraglar we azyk önümleri,
esasan, düýelere we atlara ýüklenipdir. «Mis gazanlar» (mortirler), daş
böleklerini atmak üçin katapultlar we gabaw desgalary agyrlygy üçin diňe
düýelere ýüklenipdir. Bulardan başga-da, basylyp alnan ýerlerden talanyp alnan
zatlary alyp gaýtmak üçin ýene-de düýe kerwenleri gerek bolupdyr.
1855-nji ýylda
Hywa hany Mädemin han taryhy maglumatlara görä, 40 müň adamlyk goşun bilen sarahsly
türkmenleriň üstüne sürnüp gelipdir. Ol goşuna 30 müň düýe hyzmat edipdir. Şol
düýeleriň uly böleginiň türkmenlerden ýygnalandygy bolsa ikuçsyzdyr. Hanyň
türkmenleriň üstüne şol ýörişi, onuň iň soňky ýörişi bolup, masgaraçylykly
ýeňlip, goşuny dargadylyp, sülsadyna ýeňijiler eýe çykýar. 1873-nji ýylda
patyşa goşunlary Hywa üç tarapdan – Orenburgyň, Daşkendiň we Çekişleriň üsti
bilen hüjüm edipdirler. Şonda ätiýaçlyk azyk önümleri we mallaryň ot-iýmleri
1,5–2 aý möhlet üçin otrýadlar bilen bile äkidilipdir.
Bulardan
başga-da ok-däri, top, çadyrlar, geýim-gejim, ýaralylary daşamak we ş.m. üçin
örän köp düýe gerek bolupdyr. Ol düýeler bolsa, şol töwerekdäki ilatdan
ýygnalypdyr. Şonda etrekli ilat düýe bermekden boýun gaçyrypdyr. Ýöne
Markozowyň otrýady olardan 5 müň düýäni zorluk bilen alypdyr. Taryhda «Gazawat
gyrgynçylygy» adyny alan söweşde patyşa goşunynyň 15 müň düýesi ölüpdir. ХIХ
asyryň birinji ýarymynda türkmen topragynda geçirilen bäş sany ekspedisiýalaryň
ählisi-de, ýerli ilatdan toplanan düýeleriň kömegi bilen amala aşyrylypdyr.
Olaryň hersi üçin 3–4-den 7–9 müňe çenli düýe toplanypdyr.
Patyşa
Russiýasynyň Türkmenistana aralaşyp başlamagy bilen, düýe ulagynyň ähmiýeti
has-da artypdyr. Düýä bolan zerurlyk Zakaspi harby demir ýolunyň gurluşygynda
aýdyň ýüze çykypdyr. Türkmen topragyny «özleşdirmek» maksady bilen, müňläp
düýeleri ilki, deger-degmez bahasyna satyn almak, kireýine tutmak, soň-soňlar
salgyt görnüşinde, hatda diýdimzorlukly mugt toplamak bilen hem alnyp
barlypdyr. Patyşa goşunlarynyň topy-tophanasy we sülsady ymgyr çöllükdir
sähralardan ýene-de düýeler bilen aşyrylypdyr. Şol maksat bilen toplary düýe
bilen süýrär ýaly ýörite desga hem ýasapdyrlar.
Birinji jahan urşunyň başlanmagy
bilen (1914 ý.), Zakaspi oblastynda düýä bolan talap has hem artypdyr. Şeýle
şertlerde dag artilleriýasyny göçürmek, ok-däridir harby enjamlary, azykdyr
ot-iýmleri daşamak diňe düýeler bilen amala aşyrylypdyr. Hut şonuň üçin
hem patyşa hökümeti Zakaspi oblastynda front üçin düýe toplamagy karar edipdir.
Şol karar esasynda
urşuň ilkinji iki ýylynda oblastdan 13 müňe golaý düýe toplanyp, fronta
ýollanypdyr. Şonuň bilen bir hatarda ilatdan 7 müňe golaý at, 32,5 müň silkme
telpek, 1659 öý, 200 eşek, 1,5 müň dolak, köp don, howut, keçe we 223 müň
manatlyk beýleki zatlar toplanypdyr. Öýler esgerler üçin ýatak jaý, ştab
hökmünde ulanylypdyr. Olary göçürmek bolsa, düýeleriň gadymdan gelýän pişesidi.
Birinji jahan urşunyň başlanmagy bilen Türkmenistanda düýeleriň baş sany yzygiderli azalyp başlaýar. Olaryň sanynyň azalmagy, diňe düýeleriň fronta äkidilmegi bilen bagly bolman, ýurtdaky syýasy hojalyk ýagdaýlar hem oňa öz täsirini ýetiripdir. Düýeli toparlar atly otrýadlaryň hereket edip bilmeýän ýa-da juda kynçylyk bilen gezýän Garagum çägeliklerinde kynçylyksyz hereket edip bilipdir. Olar guýulardan guýulara emgenmän aşyp, aralyklary esli ýakynlaşdyrypdyr.