milli goshun logo
Tagzym / Ysmaýyl Muhammetdurdyýew
Tagzym / Ysmaýyl Muhammetdurdyýew
15.01.2020 1888 Bäsleşik

Ak ýollara pata beren, nusga Belent Serkerde!

Paýhasyňyz bütin dünýä şugla, Belent Serkerde!

Siz bilen belentdir Tug hem Tugra, Belent Serkerde!

Gerçekligiň mekdebi Siz, şanyňyza şan gelsin,

Mydam dik bolsun başyňyz, mertebäňiz beýgelsin!

Türkmen nesli edermendir, dowumlydyr, dogrudyr,

Bu ýol pederleň pendi, asyl Oguz kowmudyr,

Ýaşyl Tuga kasam kylnyp tutulan iş şowludyr,

Merdem millet Siziň bilen, Atly Gerçek – çyn Begsiň,

Mydam dik bolsun başyňyz, mertebäňiz beýgelsin!

Anna serdar, Aba seýis, esger, mugallym aslyňyz,

Asudalyk goran Äriň – Beýik Kyblaň nesli Siz,

Diýary jennet kylmyş ata ýurda yşkyňyz,

Doga kyldyk sözlerňizi, sarpamyz çäksiz, çensiz,

Mydam dik bolsun başyňyz, mertebäňiz beýgelsin!

Bitaraplyk mekanynda joşa gelýär göwünler,

Ykbal birdir, lebiz birdir, munda baky ömürler,

Döwletli döwran eçildi, bu ylahy döwürler,

Bagta perman taglymatyň bakylyga öwrülsin,

Mydam dik bolsun başyňyz, mertebäňiz beýgelsin!

Ýurda gulluk etmeklik biziň kesbi-kärimiz,

Ismiňizden goragly ata Watan çägimiz,

Siz Belent Serkerdämiz, Diýar - Seždegähimiz,

Arş ahwaly keşbiňde, Alla uzak ýaş bersin,

Mydam dik bolsun başyňyz, mertebäňiz beýgelsin!

Ysmaýyl Muhammetdurdyýew,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň

Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy.