(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
Islendik bir ýurt hakynda gürrüň edilende, ilki bilen onuň paýtagty göz öňüňe gelýär. Paýtagt – ýurduň merkezi, esasy ýüzi bolup durýar. Paýtagtyň gözelligi oňa gelýän syýahatçylarda şol paýtagtyň özi bilen birlikde, ýurdy hakynda hem ýakymly ýatlamalary galdyrýar. Şunuň esasynda hem her bir ýurt paýtagtyny ösdürmekde, özgertmekde, jahankeşdeleriň, syýahatçylaryň köp gelýän merkezine öwürmekde ähli tagallalary edýär.
Gözel Aşgabadyň uzalyp gidýän giň şaýollary, köçeleri bar. Şolaryň biri hem Magtymguly şaýoludyr.
Ilkibaşda Magtymguly şaýoly Merw prospekti diýip atlandyrylyp, tutuş şäheriň içinden geçip, Merwe barýan ýol bilen birleşýän eken. TSSR döwründe bu şaýol köp sanly dabaraly ýörişleriň geçirilýän ýerine öwrülip, Azatlyk şaýoly diýlip atlandyrylýar. Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soň, bu şaýol Magtymguly diýlip atlandyrylyp, 1992-nji ýylyň güýzünde türkmen Garaşsyzlygynyň ilkinji dabaraly ýörişi geçirildi.
Şaýoluň Magtymguly şaýoly diýlip atlandyrylmagy ýöne ýerden däldir. 1960-njy ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 225 ýyllyk şanly toýy şol wagt Bütinsoýuz möçberinde giňden bellenildi. Bu şanly sene mynasybetli beýik söz ussadynyň heýkelini döretmek barada bäsleşik yglan edilýär. Bäsleşikde arhitektorlar W.N.Wysotiniň, W.G.Kutumowyň, heýkeltaraş W.G.Popowyň işi kabul edilip, ol Aşgabadyň iň gözel ýeri bolan Azatlyk prospektinde (häzirki Magtymguly şaýoly) 1971-nji ýylda bina edilýär. Şeýlelikde, şaýolunyň ugrundaky binalaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň heýkeli oturdylýar. Ol häzir hem raýatlaryň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biri. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Magtymguly Pyragynyň heýkelleriniň sany has-da artdy.
Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän ajaýyp binalary näçe diýseň sanap oturmaly. Olaryň ählisi hem özüne mahsus özboluşly aýratynlygy bilen paýtagtymyzyň gözelligine görk goşýar.
Laçyn BERDIMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.