Müň dokuz ýüz dogsan biriň güýzünde,
Garaşsyz döwlete öwrüldiň, Watan.
Dört ýyly geçirip älem ýüzünde,
Bitarap adyna ýugruldyň, Watan.
Soňlanmaz ösüşe ýol aldyň, Watan.
Saýgarman men gije hem-de gündiziň,
Bilimden bekeýär oguldyr-gyzyň,
Dünýä taryhynda şöhratly yzyň,
Hiç bir döwlet gaýtalamaz, jan Watan.
Sen geçmişe soltan hem-de han, Watan.
Ýekeligi ýaly ýekesiň aýyň,
Hiç-haçan, hiç wagt tapylmaz taýyň,
Bagt babatda Hakdan inipdir paýyň,
Solmaz gülli, synmaz illi bir Watan.
Aýdym-sazly, göwher-gaşly dür Watan.
Ýüz ýyla çalyşman sergin säheriň,
Ýüz ýurda çalyşman mermer şäheriň,
Arkadagly dünýä dolan äheňiň,
Öçürilmez, gaýta güýjär, jan Watan.
Bäş harply adyňa baş gurban, Watan.
Kasamymyz gorap serhet ýakaňy,
Sak durarys. goýbermeris hatany,
Türkmenistan – Bitaraplyk mekany,
Al, täze ösüşi şu ýyldan, Watan.
Badyň ýyldyrymdan has ýyndam, Watan.
Agahan Muhyýew,
TGM-niň Harby institutynyň harby talyby.