milli goshun logo
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
14 sagat öň 25 Habarlar

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işewürler forumynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara hemmetaraplaýyn strategik häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ösüşi baradaky wideoşekiller görkezildi. Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gyzyklanmalary, bilelikde gazanylan tejribeler döwletara gatnaşyklaryň ilerledilmegi üçin oňyn şertleri döredýär. Netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde geçen döwürde durmuşa geçirilen birnäçe taslamalary, ilkinji nobatda, Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisini görkezmek bolar.

Işewürler forumyna gatnaşyjylar türkmen paýtagtynda geçirilýän işewürlik maksatly çäreleriň ähli ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň, halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm waka öwrüljekdigine ynam bildirdiler. Forumyň dowamynda ykdysadyýetiň, maýa goýumlaryň dürli ugurlaryndaky, ösen tehnologiýalar pudagyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri seljerildi hem-de bilelikde işlemek üçin anyk ugurlar kesgitlenildi.