Şu gün Söwda-senagat edarasynda Gulbaba adyndaky çagalar
baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu baýrak bilen ýurdumyzyň zehinli
çagalary — ders olimpiadalarynyň, zehin we döredijilik bäsleşikleriniň, sport
ýaryşlarynyň ýeňijileri sylaglanylýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi geňeşi we Bilim ministrligi tarapyndan guralýan, ýaş
türkmenistanlylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan bu bäsleşik her ýyl
Watanymyzyň ähli künjeginden 18 ýaşa ýetmedik zehinli çagalaryň ýüzlerçesini
bir ýere jemleýär. Şu ýyl ýörite diplomlara we ýadygärlik sowgatlara bäsleşigiň
99 gatnaşyjysy hem-de 4 sany döredijilik topary — “Joşgun” tans topary,
“Galkynyş” çeper okaýyş topary, “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalar hory,
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar
bagynda terbiýelenýän körpeler mynasyp boldy.
Däp bolşy ýaly, bu bäsleşik gyşky dynç alyş möwsüminde,
paýtagtymyzda Täze ýyl mynasybetli esasy dabaralaryň ýaýbaňlandyrylýan
günlerinde geçirilýär. Bu ýyl bolsa Gulbaba adyndaky çagalar baýragyny
gowşurmak dabarasy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany” şygary astynda geçýän täze — 2026-njy ýylyň çäreleri bilen
utgaşyp, çagalara ruhubelentlik hem-de şatlyk bagyşlady. Döredijilik bäsleşigi
her ýyl ýurdumyzdan köp sanly täze zehinleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.
Olaryň birnäçesi çeper döredijilik bilen meşgullanyp, deň-duşlarynyň arasynda
ykrar edilmäge mynasypdyr. Ýene birnäçeleriniň dürli bäsleşiklere gatnaşmakda
ýeterlik tejribesi bar bolsa, başgalary mekdep olimpiadalarynyň, sport
ýaryşlarynyň ýeňijileridir. Olaryň içinde iň tapawutlananlary bäsleşigiň döwlet
tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.
...Dabara gaýtalanmajak owazy bilen halkymyzyň aýdym-saz
sungatynyň taryhynda öçmez yz goýan Gulbabanyň döredijilik mirasyna bagyşlanan
wideoşekilleriň görkezilmegi bilen başlandy. Gysga ömri ýaşandygyna garamazdan,
ol ussatlygyň ýokary derejesine ýetmek bilen, halkymyzyň söýgüsini gazanyp,
milli aýdym-saz medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşupdyr. Wideoşekillerde
milli medeni mirasymyzda orun alan aýdymlar ýaňlandy.
Çärä gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda
dabaraly ýagdaýda ýeňijileriň atlary yglan edildi. Olara gymmat bahaly
sowgatlar we diplomlar gowşuryldy.
Asylly däbe görä, Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary bolan Aýaz baba we Garpamyk çagalary mynasyp bolan baýraklary bilen tüýs ýürekden gutladylar. Türkmen halk ertekileriniň gahrymanlaryny janlandyrýan çagalar dürli sahna çykyşlaryny görkezdiler. Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijileriniň ýerine ýetiren aýdymlary ýaş nesilleriň şatlyk-şowhunyna beslenen dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Çagalar sungatyň dürli görnüşleri arkaly arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda bagtyýar çagalygy wasp etdiler.