milli goshun logo
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
1 gün öň 33 Habarlar

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi öz işine başlady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda iri halkara forumlaryň geçirilýän merkezine öwrülýär. Şu forum hem munuň aýdyň mysalydyr.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar giň gerimli çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara foruma gatnaşyjylara we myhmanlara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Türkmenistanda ähli ugurlarda alnyp barylýan giň gerimli maksatnamalaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarda uly gyzyklanma döredýändigini, ýurdumyzda önümçilik toplumyny döwrebaplaşdyrmak, häzirki zamanyň kämil tilsimatlaryna daýanýan ykdysady ulgamy ösdürmek, innowasiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply harytlaryň önümçiligini artdyrmak, eksport ugurly kuwwatlyklary ýokarlandyrmak boýunça döwlet derejesinde möhüm işleriň amala aşyrylýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz döwlet tarapyndan goldaw berlip, üstünlikli durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalaryna ýokary tehnologiýalary, innowasion başlangyçlary ornaşdyrmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň türkmen bazarynda ornuny pugtalandyrmakda bu halkara serginiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Umuman, «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara serginiň birinji güni örän netijeli häsiýetde geçip, ýurdumyzyň ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda, şol sanda obasenagat toplumynda dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge we ornaşdyrmaga açykdygynyň nobatdaky aýdyň beýany boldy. Sergi 14-nji maýda öz işini tamamlar.