milli goshun logo
Parfiýa döwletiniň atly goşuny
Parfiýa döwletiniň atly goşuny
02.10.2018 4881 Harby Taryh

Ajaýyp ahalteke bedewleriniň gözelligi, ýyldamlygy, çydamlylylygy her bir ynsany haýrana goýýar. Asyllylyk, gelşiklilik, hereketleriniň örän ýeňil we sazlaşykly gopmagy, egsilmez gujurlylygy behişdi bedewlerimizi onuň Watany – Türkmenistanyň çäklerinde alyslarda hem şöhratlandyrdy. Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy bolmak bilen bir hatarda, umumyadamzat gymmatlyklarynyň genji – hazynasyna türkmen halkynyň goşan gymmatly goşandydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Milli Liderimiziň ýadawsyz aladalarynyň netijesinde türkmen döwletiniň ähli pudaklarynda ösüşleriň, özgerişlikleriň milli maksatnamamyz esasynda alnyň barylýandygy hakykatdyr. Kämil we milli taryhy sungatlara baý bolan ülkämiz bu günki günde olary öwrenmek we dünýä tanatmak ugrunda ummasyz işler alyp barýar. Häzirki döwürde ileri tutulýan ugurlaryň biri-de türkmen bedewiniň taryhyny, özboluşly milliligini wasp etmekden ybarat bolup durýar. Türkmen bedewleri biziň taryhymyzyň islendik döwründe özleriniň gözelligi, ýyndamlygy bilen meşhur bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasadyna ýugrulan şu dürdäne setirlerinde: «Gadymy türkmen taryhynyň tebigatyndan we zähmetsöýer halkynyň aýratyn zehininden kemala gelen ahalteke bedewi özüniň gany bilen ähli münülýän atlaryň görnüşlerini yzda galdyryp, ýer ýüzüniň atçylyk sungatyny öz yzyna düşürip alyp gitmegiň hötdesinden geldi. Ol özi barada ähli taryhy eýýamlarda mähirli ýatlama galdyrmak bilen dünýäniň medeni giňişliginde owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi” diýip, belläp geçmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. [1] Taryhyň islendik döwrüne ser salanymyzda biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda ýaşap geçen taryhyň atasy hasaplanylýan Geredot Parfiýanyň atlary barada şeýle ýazypdyr: «Gündogarda ajaýyp atlar gezýän Nusaý atly ägirt giňişlik bar» diýip belläp geçýär. Gadymy arheologik medeni ýadygärlikleriň subut edişi ýaly, türkmen atçylyk sungaty öz gözbaşyny gaty irki döwürlerden alyp gaýdýar. Arheolog alym W.I. Sarianidiniň belläp geçişi ýaly, biziň eýýamymyzdan öňki III-II müňýyllyklaryň sepigidinde, ýagny dört müň ýyldan gowrak wagt mundan öň, Türkmenistanyň gadymy taýpalary eýýäm atçylyk bilen meşgullanypdyrlar we öz hojalyklarynda eldekileşdirilen atlary ösdürip ýetişdiripdirler. Gadymy meşhur rim taryhçysy Appiana bolsa «Nusaý atlary öz gözelligi bilen tapawutlanýarlar. Bu bedewler kuwwatly şalara mynasyp. Olar tüňburun buýsançly başlaryny belent tutýar we olaryň ýallary howada owsun atýar» diýipdir.

 Parfiýa patyşalarynyň mesgen tutan ýeri bolan Nusaýda gazuw-agtaryş işleri geçirilen wagty tapylan at şekiljikleriniň arasynda suwut bilen üsti bürelen, söweş tuwulgasy geýdirilen söweşijiniň atynyň şekili tapyldy. Dünýäde ilkinji söweşjeň esgerler we nyzamly söweş hereketleri hem şu jelagaýlarda – Parfiýada döräpdir. Ilkinji asylly söweşiji bolsa, Parfiýa patyşalygyny esaslandyryjy Ärsak I bolupdyr.

Pultarh parfiýalylar hakynda şeýle ýazýar: «Birmeňzeş ýeňillik bilen ata towsup münmäge we zerurlyk ýüze çykanda göze ilmez çaltlyk bilen çar ýana pytrap gitmäge, ezber parfiýalylar duşmany peýkam bilen päsgelçiliksiz gyrgyna salmak üçin atly goşunlaryny bölek-bölek ýerleşdirýärler» diýip belläp geçýär.

Sezaryň günbatarda Gallini we Britaniýany basyp alyp, rimlilere äpet ýerleriň degişli bolan döwründe, gündogarda hem söweşler bolýardy, rimliler bu ýerde hem öz çäklerini giňeltmäge synanyşýardylar. Ýöne Krassyň günbatarda ýeňlişlere sezewar bolandygy gümana. Krassyň ýeňlişi has agyr urgy boldy, Kannadaky söweşde rimlileri ýeňmegine diňe garşydaşyň atly goşunynyň kämil bolmagy sebäp boldy.

B.e. öň 53-nji ýylda Krass Parfiýa döwletiniň ýerlerine 7 sany legion, ýagny 35 000 adam (şeýle hem 4000 atly goşun we 4000 ýeňil pyýada goşun) bilen girip başlady. Parfiýanyň patyşasy Orod Krassyň garşysyna öz serkerdebaşysy Sureni iberdi. [2] Sureniň atlary iki görnüşde bolupdyr: agyr we ýeňil. [3] Birinjisi doly goraýjy ýaraglary dakynypdyr, ýagny deriden sowut we pyçaklyk, bürünçden we demirden teňňeler bilen örtülen we demir tuwulgaly; galkanlary bolmandyr, sebäbi olaryň diňe sowut bilen goranmaklygy ýeterlik hasaplanypdyr. Naýzalar örän uzyn we agyr bolupdyr, şonuň üçin hem rimlilerden has kämil çykypdyrlar. Mundan başga-da olarda ýaý we gysga gylyç ýa-da bilinde pyçaklary bolupdyr. Oklardyr ýaýlar uly bolupdyr we olar adaty goraglary deşipdirler hem-de olar tiz uçupdyrlar. Atlaryň kelleleri, döşleri, gapdallary üçin demir teňňejiklerden çapyksuwarlaryňky ýaly gorag enjamlary bolupdyr. Hüjümler gysylyp, ugrunyň güýji hasaplanyp, naýzanyň hereketine görä amala aşyrylypdyr.

Ýeňil atly goşun, agzalyp geçilen agyr atly goşunyň gapma garşy häsiýetine eýedir. Olar üçin kiçilikden at münip bilýän güýçli çapyksuwarlar saýlanyp, at bilen çapyksuwar bütewi hereket edipdir. Atlar ýeňil we aýlanmak üçin aňsat bolupdyr, diňe kelle gaplary geýipdirler we ýekeje hereket bilen dolandyrylypdyr.

Suren rimlilere garaşyp, öz goşunynyň birinji hataryna ýeňil atly goşuny düzüp, beýleki hatarlardaky agyr atly goşunlarynyň ýalpyldawyk ýaraglaryň üstlerine duşmana görünmez ýaly ýapynja ýapypdyr. Haçan-da rimliler golaýlanda, parfiýalylar nagara kakyp, öz ýapynjalaryny aýryp, ýalpyldawyk eskadronlaryny günüň şöhlesine ýalpyldadyp, duşmanyň gözlerini gamaşdyrypdyr. Olaryň sowutlary we tuwulgalary ot bilen ýanypdyr. Ol ilki başda duşmana garşy agyr atly goşuny iberjek bolupdyr, soňra duşmanyň güýçlüdigine göz ýetirip, duşmanyň üstüne hemme tarapdan hüjüm etmekligi buýrupdyr. Krass ilkinji öz ok-ýaýçylaryny iberipdir, ýöne olar ummasyz oklaryň aşagyna düşüpdir, bu ýagdaý bolsa olaryň esasy güýjüni ulanmaklyga eltipdir. Soňra bolsa rimlilere uzakdan sowudy we tuwulgany deşip biljek ýaýlar atyp olary ýaralypdyr. Rimliler kyn ýagdaýa düşüpdirler. Rimliler hüjüme başlanda parfiýalylar yza çekilipdirler, ýöne hiç ýaý atmany bes etmändirler. Rimliler yza çekilende parfiýalylar ýaý atmany dowam etdirip öňki ýerlerine gelipdirler. [4] Rimlileriň ýeke-täk tesellisi parfiýalylaryň ok-ýaýlarynyň gutarmagy. Ýöne olar az wagtdan parfiýalylaryň ok-ýaýlaryny yzda duran düýelerden alyp öwezini dolýandyklaryna göz ýetirdiler. Şeýlelikde 40 000 sany Ýefrady geçen goşunyň 20 000 sanysy wepat bolupdyr, 10 000 sanysy ýesir alynypdyr, diňe dörtden bir bölegi gaçyp halas bolupdyrlar.

Harby taryhda diňe atly goşunyň kömegi bilen ýeňiş gazanylan söweşe mysal edip başga söweşleri görkezmek gaty kyndyr [5].

Şeýle hem bu ýerde parfiýalylaryň käbir söweş taktikalaryna üns bermezlik mümkin däl: çalt hereket etmeklikde üstünligi we uzak aralykdan demir ýaraglaryň kömegi bilen zyýan ýetirmegi. Şuwagtky agzap geçen söweşimiz rimlileriň parfiýalylara biperwaý garamaklygynyň soňy boldy. Sebäbi Parfiýa döwleti rimlileriň gündogarda garşysyna çykyp biljek ýeke-täk döwletdir. Krassyň ýeňilmegi Rimde uly gynanç döretdi. Rimli ýazyjylar gahar-gazap bilen parfiýalylary dünýäde Rimiň garşysyna çykyp biljek ýeketäk güýç diýip hasaplapdyrlar. Hakykatdan hem bir ýylyň dowamynda Rimiň legionlary Ege deňziniň we Gellesponta çenli gysylyp çykaryldy, şeýle hem Siriýa we Kiçi Aziýa parfiýalylaryň eline geçdi. Taktikada we ýaragda kän tapawudy bolmadyk iki sany beýik döwletleriň arasyndaky urşuň netijesi şeýle bolýar.

Rimliler öz gowşak taraplaryny bilip, haýal etmän onuň üstünde işlemäne başladylar. Parfiýalylara birinji urgy b.e.öň 38-nji ýylda Rim serkerdesi Wentidiý tarapyndan ýetirilipdi. Ol örän ukyply serkerde bolup, ol parfiýalylaryň ýaýlaryna garşy uly bolmadyk zynylýan ýaraga mätäçdigini anyklady we güýçli atyjylar goşunyny döretdi. Ol atyjylar goşunyň, kämil garymlaryň we ussat hereket etmegi netijesinde ýeňiş gazanypdyr. Ýöne Wentidiýe urşuň aýgytlaýjy pursatynda Parfiýanyň patyşasynyň ogly Pakoryň aradan çykmagy kömek edipdi. Bu ýeňiliş parfiýalylary öňki çägine çenli gysylmagyna sezewar etdi we rimliler öňkisi ýaly Atlantika okeanyndan başlap Ýefrada çenli höküm sürmäge başlady.

Bu üstünlik üçin rimliler serkerdäniň söweş taktikasyna we kämil guramaçylykly ýaraglara borçlydyr. Atly goşun kämilleşdirildi, atyjylar daşyň ýerine gurşunyň bölegini ulandylar, sebäbi gurşun uzak aralyga uçmaga ukyply.

B.e. öňki IV asyrda Gredat atlar barada ýazanda diňe Nusaý atlaryny tapawutlandyryp we onuň owadanlygyny ýyndamlygyny hiç bir at bilen deňeşdirip bolmaz diýip aýdypdyr. Türk alymy Faruh Sümer Antaliýadaky Nusaý atlaryny Müsüre, Siriýa satanlarynda olara «arap» atlary diýip atlandyrdylar. Türkmenistanyň ýerine araplaryň düzümine girmeginde arap atlarynyň hiliniň gowlanmagyna ýardam edendir. Türkmen atlary arap atlaryndan öz owadanlygy, ýyndamlyklary, çalasynlyklary boýunça tapawutlanypdyrlar diýip alym S.Batu aýdyň ýazypdyr.

Parfiýalylar öz goşunlaryna tälim bermek üçin atabeglik mekdeplerini döredipdirler. Şol mekdepleriniň esasynda Parfiýa goşunynyň ýaraglanyşy, söweşjeň tilsimaty we taktikasy has kämil bolupdyr.