Eý meniň, düşnüksiz gussaly göwnüm,
Sen näme üçin meni gama baglaýaň?
Keýpsizligme alaç tapman gijeler,
Az ömrümiň
günlerini sanaýan.
Bulaşyk pikirler ornaşyp sere,
Etsem-petsemlerim ýitdi birmahal.
Ho:l alysdan el bulaýan salgym deý,
Kä görünýär
arzuwlarym bimahal.
Kä gamgyn diýdiler, käte şadyýan,
Gyňra-da diýdiler tanaman, bilmän,
Hemme üýşüp meň göwnümi tapanok,
Men nädip tapaýyn
göwnüni hemmäň.
Adamlaryň köplügine goşulyp,
Külterleýän bu ýalançyň ýollaryn.
Wagt hökümi bilen äkidip barýar,
Ýaşlygymyň
sanalgyja ýyllaryn.
Gamgyn göwnüm hemem tukat ýüregim,
Sowuň meniň bu samsyjak pikirlem.
Gamly wagtym şatlyk bersin kalbyma,
Ýekesiräp ýazan
şeýle setirlem.
Mekan Gurbanow,
esger.