Bu gün joşup gazal düzdüm, eziz Watanmyň şanyna,
Arkadagly ýollar bilen öňe barýar, Türkmenistan!
Parahatlyk, asudalyk siňipdir türkmen aňyna,
Dost-doganlyk ýoly bilen öňe barýar, Türkmenistan!
Bitaraplygyň mekany öňe, öňe, Türkmenistan!
Ýyndam bedew atlarymyz, nesip türkmen halylarmyz,
Merw, Nusaý, Altyndepe taryhy ýadygärliklermiz,
Arkadagdan ündew alýan ylymly talyp ýaşlarmyz,
Ylym-bilim ýoly bilen öňe barýar, Türkmenistan!
Bitaraplygyň mekany, öňe, öňe, Türkmenistan!
«Döwlet adam üçin!» diýen şygar bize ýörelgedir,
Gahryman Arkadagymyz her işlerde göreldedir.
Nesilbaşymyz Oguz han, akyldary Pyragydyr,
Oguz handan gözbaş alan, öňe, öňe, Türkmenistan!
Bitaraplyk ýoly bilen, ýene öňe, Türkmenistan!
Hakberdi Tagandurdyýew.