Döwlet
medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiziň nobatdaky
eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ministrlikleriň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet, sungat we döredijilik
işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mukamlar
köşgüniň eýwanynda kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy mynasybetli sergi gurnalyp,
onda görkezilýän gymmatlyklar hormatly Prezidentimiziň ýazan kitaplaryny hem-de
täze çapdan çykan «Türkmen
alabaýy» atly kitabyny, çeper
beýan edilen dürli görnüşli surat eserlerini, heýkeltaraşlyk önümlerini, kümüş
şaý-sepleri özünde jemleýär.
Tanyşdyrylyş
dabarasynda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, «Türkmen alabaýy»
atly kitap diňe bir dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý
tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem,
alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny açyp görkezýär. Bu neşiriň
sahypalarynda alabaýyň halk döredijiliginde, edebiýatda, çeper döredijilikde
eýeleýän orny barada gyzykly maglumatlar bar.
Milli
Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen alabaýyna bagyşlanan täze kitaby
ýurdumyzyň medeni-ruhy durmuşynda möhüm waka, milli gymmatlygymyzy wagyz
etmekde täze belentlik hem-de ýakynlaşyp gelýän Garaşsyzlyk gününe
watandaşlarymyza ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmen alabaýy» diýen täze goşgusyna döredilen aýdymyň ilkinji gezek ýaňlanmagy hem milli Liderimiziň zehininden kemal tapan sungat eseriniň ynsan ruhuny göterýän gudratdygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.