Mekdepden gelip, kakasynyň öten agşamky tabşyran ýumşuny bitirmäge girişdi. Ýerzemine düşdi-de, köne goşlary tertibe salyp başlady. Işläp durşuna, daşynyň gara reňki jaýryk atan, köne agaç goşdany almakçy bolanda, onuň gulpy jarka açyldy. Goşdanyň içinden dökülen sarymtyl öwüsýän ak-gara suratlar ýere paýrady.
Ýigdekçe aşak egildi-de, suratlaryň birini göterdi. Suratda gara silkme telpekli, harby lybasly, bili gylyçly, arkasy bäşatar tüpeňli, 25-30 ýaşyndaky erkek kişi, syrdam bedewiň üstünde dim-dik bolup çus otyrdy. Onuň gapdalynda-da, garranam bolsa, süňňüniň pugtalygyny ýitirmändigi bildirýän ak sakgally goja, bedewiň irişmesinden tutup durdy. Olaryň ýüz-keşplerindäki meňzeşligem ikisiniň ata-oguldygyny aýan edýärdi… Ýigdekçäniň ýüregi jigläp gitdi. Bu atyň üstünde oturan-a kakasynyň garry atasy bolmaly. Kakasynyň gürrüňlerine görä, ol geçen asyryň 20-nji ýyllarynda, atly goşunda gulluk edip, öz ülkelerini dürli garakçy-galtamanlardan goramaga gatnaşypdyr ekeni. Atyň jylawyndan saklap duranam kakasynyň garry atasynyň kakasydyr. Sebäbi, han-ha, onuň irişmäni gysymlaýan eliniň iki barmagynyň jontukdygy, suratyň saralyp gidendigine garamazdan, aýdyň bildirýär. Kowumdaş ýaşulularyň hekaýat edip berişlerinden çen tutsaň-a, olaryň garry atalary XIX asyryň ýetmişinji ýyllarynda, ýaňy 13-14 ýaşly gögele döwründe, alys ýazlagda üstlerini gapyl basan alamançylardan obadaş gelin-gyzlaryny gorap, iki barmagyny ýagynyň gyljyna aldyran bolmaly…
Ýigdekçe, göýä, wawwasy bar ýaly, suraty emaý bilen gapdalynda goýdy-da, başgasyny aldy. Kakasyna edil bir almany iki bölen ýaly meňzäp duran, esger geýimli, takmynan otuz ýaşlaryndaky adam, köne suratyň ýüzünden oňa tarap siňňin garaýardy. Garry atasy… Beýik Watançylyk urşunyň ganly jeň meýdanlaryna gurban bolan… Ýigdekçe bu suratam öňküsiniň ýanynda goýdy-da, ýene-de birini aldy. Bu bolsa atasy…Geçen asyryň altmyşynjy ýyllary bolmaly. Ýokary okuw mekdebini tamamlap, harby taýýarlygy geçýändikleri sebäpli endamyna şapylaşyp, syratyna gelşip duran serkerde geýminde, nazarkerdelik bilen suratdan garaýar. Misli, ýyllaryň aňyrsyndan öz dowamatlarynyňam ilk-ä özleriniň ata-babalaryndan miras alyp, soňam öz gezeklerinde nesillerine miras goýup giden ýollaryny abraý bilen dowam edýändiklerini hut öz gözleri bilen görmäge synanyşýan ýaly… Bu suratam öňki ikisiniň gapdalynda goýuldy. Ine-de kakasy… Ýigdekçäniň özüniň şu wagtky ýaşyndan sähelçe uly, ýaňy murty taban 19-20 ýaşly, ýaşajyk, çeýe göwreli serhetçi esger, alçaklyk bilen köne suratdan oňa garşy garaýar… Ýigdekçe birdenkä hasyr-husur ýerinden turdy-da, suratlaram eline alyp, ýerzeminden çykdy. Eşigini çalşyp, howlularyndan çykyp gitdi. Birküç sagatdan soňam eli sebetli yzyna geldi. Öýe girip, ýörite surat-bezeg programmasynda gowy işlenip, reňk berlip, dup-dury edilen suratly çarçuwalary ýeke-ýekeden çykardy-da, kakasynyň iş otagyndaky kitap tekjesiniň iň görnükli ýerinde ýerleşdirdi. Kowum atalary bilen kakasynyň garry atasy. Watan goragçylary… Öz garry atasy. Watany gorap gurban bolan esger… Atasy. Serkerde… Kakasy. Serhetçi… Heniz surat goýulmadyk, boş çarçuwany bolsa sebetdenem çykarmady. Hiç kime görkezmän, gizläp goýdy. Özi üçin…
Selimberdi Ataýew.
Aşgabat şäheriniň 121-nji mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy.