13-nji
sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen alabaýyna bagyşlanan täze
kitabynyň çapdan çykandygyny habar berdi. Döwlet Baştutanymyzyň milli
taryhy-medeni gymmatlygyň ýene-de bir ugruny açyp görkezýän nobatdaky eseri
ýetip gelýän Garaşsyzlyk güni mynasybetli ildeşlerimize baýramçylyk sowgady
boldy.
«Türkmen alabaýy» atly kitap diňe bir dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny açyp görkezýär. Türkmen alabaýy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ahalteke bedewi, haly ýa-da gawun ýaly milli gymmatlyklar bilen bir hatarda durýar. Olar türkmenleriň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjelerini we garaýyşlaryny beýan edýän çuň manyly keşplere öwrülip, halk medeniýetiniň möhüm gatlagyny emele getirýär.