15.08.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Mert pederleriň nesilleri biz / Mekan Ýolamanow
Mert pederleriň nesilleri biz / Mekan Ýolamanow
10.01.2020 30836 Bäsleşik

Oguz han, Göroglyň mertlik mekdebi,

Arkadagyň peşgeş beren eşreti,

Türkmenistan – Bitaraplyk mekany,

Şirin jandan geçip gorarys seni,

Çünki mert pederleriň nesilleri biz.

Ýerden-gökden bolsun gorarys seni,

Bir garyş ýeriňe bereris jany,

Elmydama aýdym edip adyňy,

Dillerimizden goýman eziz Watany,

Çünki mert pederleriň nesilleri biz.

Arkadag baş bolup her bir ädimde,

Watanymyz siz bilen mydam ösüşde,

Ýerdemi, suwdamy ýa-da Asmanda,

Gorarys biz ony jan bilen tenden,

Çünki mert pederleriň nesilleri biz.

Göz monjuk bolaly göz degmez ýaly,

Ata-babalarymyzyň goýan mirasy,

Gerçek ogullaryň jan beren ýurdy,

Bizem elmydama gorarys seni,

Çünki mert pederleriň nesilleri biz.

Mekan Ýolamanow,

TGM-niň Harby institutynyň harby talyby.