milli goshun logo
«Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy
«Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy
2 gün öň 136 Habarlar

Düýn – 3-nji ýanwarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirildi.

Täze kitabyň ilkinji sahypalarynda Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen ajaýyp şygyrlary ýerleşdirilipdir. Kitapda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda täze kitabyň mazmuny baradaky çykyşlaryň bu eserden bölekleriň mysal getirilmegi arkaly beýan edilmegi has-da täsirli boldy.

Tanyşdyrylyş dabarasynda şeýle ajaýyp kitaby sowgat edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk we alkyş sözleri aýdyldy hem-de döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň höwrüniň köp, galamynyň has-da ýiti bolmagy arzuw edildi.