«Watanyny söýüp bilmedik, hiç kimi söýüp bilmez»
Köpden bäri Watan barada ýazmaga
synanyşýaryn. Emma hiç biri başa barmaýan ýaly. Garalamalarym garalama
ýagdaýynda galyp gidýär. Oýlasam, Watan hakynda ýazmak juda kyn ekeni. Näme
üçindir, Watan bize Hudaý tarapyndan berlen beýik nygmat bolup, ol hakynda hernäçe
ýazsaň hem ýene haýsydyr bir jähtleri galyp gidýän ýaly. Göýä diwarlary ejiz,
reňksiz, wasp edip bolmajak äheňinde duýulýan ekeni. Watan barada aýtmakçy
bolanlarym tükeniksiz, şonçalar köp welin, hat-da hasapdan azaşyp gidýäniňi
duýman galýarsyň.
Bizi
ata-enelerimiz kibi terbiýelän, eklän, gorap saklan Watanymyzy söýmek mukaddes
borçdur. Ýer ýüzünde köp sanly kärler: lukman, gurluşykçy, mugallym, sürüji,
daýhan...
Emma iň naýbaşysy – Watany goramak
käri. Watany goramak mukaddes borçdur. Asyrlar geçip, halkyň hakydasynda
Watan üçin gahrymanlarça göreşen mertlerimiziň atlary häli-şindi hormat bilen
tutulýar.
Watan
serhetden başlanýar. Ynsan dünýä gelşi bilen Watan öňündäki borjy hem-de
wezipesi özi bilen bile bolýar. Her bir ynsan ömrüniň dowamynda «Watan maňa
näme berdi?» diýmän, eýsem, «Men Watanyma näme berdim?» diýip ýaşamagy
zerurdyr.
Watan – ynsanyň doglan mukaddes
mesgeni bolup, onuň kalbynda ebedi galar we hiç haçan unudylmaz.
Watan düşünjesi we oňa bolan söýgi
ene süýdi, ene kalby, ene mähir-muhabbeti, ene hüwdüsi bilen ýüregiňden ýer
eýeleýär. Watan diýlende, ata-babalarymyzyň ýaşap geçen, göbek ganynyň
daman ýeri hökmünde düşünýäris. Öz geçmişini tanan we gadyrlan ynsan üçin olar
ýaşan mesgen Watandyr.
Watan duýgusy
– bu öz halkyňy söýmek, buýsanmak, oňa hormat goýmak we gadryna ýetmekdir.
Watan duýgusy
– bu özüniň halal maňlaý deri bilen eziz Watanymyzy abat eden pederlerimizi
elmydama ýatlamakdyr.
Watan duýgusy
– bu bütin ýer ýüzünde uly gahrymançylyk görkezen beýik şahsyýetlerimizi,
watandaşlarymyzy unutmazlykdyr.
***
Perzentlerimiziň şatlygy süýji durmuş mysaly,
Ylym-bilim sepgitler, beýik döwletiň şany,
Türkmenimiň abraýy, ýaş nesilleriň buýsanjy,
Sylag-hormat, edep-ekram, gördüm men bu döwletde,
Ilim-ýurdum,
Watan diýip ýaşaryn men elbetde.
Meýlis Ödäýew,
Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrabyndaky
4-nji orta mekdebiniň mugallymy.