Kämillik näme? Adam nädip kämil çykýar? Durmuşda
haýsy ýollar kämillige eltýär? Ine şu soraglar beýik ägirtleriň ömürboýy jogap
gözläp giden soraglary. Bu sorag häzirem adamlary gyzyklandyrýar. Ussat
şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň «Kämilleşdigimçe, meniň üçin agyr» diýşi ýaly,
durmuşda kämillige ymtylýan adam agras, durmuşa, daş-töweregindäkilere hemem öz
hereketlerine jogapkärli çemeleşýär. Adam kämilleşdigiçe, entek kämillik
ýolunyň başyndadygyna, beýik ussatlaryň kämillik derejesine ýetmek üçin entek uzak
ýollary sökmelidigine, gözýetirýär. Il arasynda «Miweli agajyň başy, aşak
bolar» diýlişi ýaly, adam kämillik ýolunda uzak ýollary geçdigiçe, onuň göwni
kiçelýär. Özleri hakynda aýdylýan öwgüli sözlere biparh garaýar. Çünki ol
adamlar, adaty adamlara garanyňda, bu durmuşa başgaça göz bilen garaýarlar. Her
bir bolup geçýän wakalardan, täsin pursatlardan bir zatlar öwrenmäge, özlerine
gerekli sapagy almaga çalyşýarlar. Kämil adam, sözüni ilki seljerip, soň
gürleýär. Kämillik adamyň özüni ähli nukdaýnazardan terbiýelemegi hem-de
durmuşdaky ornuny tapmagydyr. Kämilligiň hiç soňy ýokdur. Kämillige ymtylýan
adamlaryň iň bir göze ilýän aýratynlygam, olaryň jemgyýetçilik durmuşyna peýda
getirýän işler bilen meşgullanmagydyr ýa-da olaryň köp okamagydyr. Ol adamlar,
özüni gyzyklandyrýan zatlary, dünýä meşhur çeper eserleri okap, öwrenenlerini
durmuşda amal etmäge çalyşýarlar. Sebäbi şu kitaplary, çeper eserleri ýazan
ýazyjydyr şahyrlar biziň geçmeli kämillik ýolumyzdan geçen ussatlar. Köp kitap
okaýan adam bolsa, şu ussatlaryň yzy bilen gidip, olaryň giň dünýägaraýşynyň
häsiýetli aýratynlyklaryny öwrenmäge çalyşýan mahaly, özüniň kämillige tarap,
ýene bir ädim ädendigini bilmän galýar. Okan, öwrenen zatlaryny durmuşda dowam
etmek kämilligiň ýene bir basgançagydyr. Biziň kimdigimizi öňümizde goýan
maksatlarymyz aýan edýär. Şonuň üçinem, kämillik biziň her birimiziň baş
maksadymyz bolmalydyr. Biziň beýleki maksatlarymyz bolsa kämillik ugrundaky
esasy gerekli serişdelerdir. Adamyň durmuşynda belli bir döwürler bolýar. Şol
döwürlerde adam kämillik ugrunda örän uzak menzilleri geçýär. Şol döwürleriň
biri-de kämilligiň ilkinji basgançagy bolan biziň mekdep döwrümizdir. Kämillige
ymtylýan adam mugallymlary tarapyndan her bir öwredilýän sapaklary ünsli
diňläp, öwrenip, şol öwrenen zatlaryny bolsa durmuşda amal etmäge çalyşmalydyr.
Şeýlelik-de, kämillige ymtylýan adam, heniz mekdep döwründe kämillige tarap
barýan ýoluň, ilkinji basgançagyna düşendigini duýman galýar. Kämillige
ymtylmagyň we oňa ýetmegiň, ýene bir uzak menzilleriniň biri-de Watan öňündäki
iki ýyl gulluk borjuňy birkemsiz berjaý etmek. Hormatly Belent
Serkerdebaşymyza, Bagtyýar hem agzybir halkymyza, wepaly gulluk etmek, Garaşsyz
baky Bitarap, mukaddes ata Watanymyzy, onuň her daban ýerini, gözümiziň göreji
ýaly gorap saklamak hem-de oňa mynasyp perzent bolmakdyr!
Toýmyrat Gökjäýew,
TGM-niň Harby institutynyň harby talyby.