(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
Daşkentdäki «Aşgabat» seýilgähi türkmen halkynyň baý taryhyna we medeniýetine has içgin aralaşmaga mümkinçilik berýär. Ol şäheriň Magtymguly köçesinden uzak bolmadyk ýerde 10 gektar meýdana uzap gidýär. Gurluşygynda häzirki zaman tehnologiýalary we döwrebap serişdeler ulanylan seýilgähiň binagärlik keşbinde türkmen paýtagtynyň özboluşly ýörelgesi görünýär.
Uçup barýan laçynyň görnüşinde gurlan amfiteatr seýilgähiň has täsirli desgalarynyň biridir. Aşgabadyň Halkara howa menziliniň baş nyşany bolan bu şekil seýilgähiň binagärlik çözgüdini emele getirýär. Bu ýerde dürli konsertleri, sahnalaşdyrylan çykyşlary we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin zerur şertler bar. Seýilgähiň düzümindäki amatly çaýhanada dynç almak üçin oňaýly amatlyklar üpjün edilipdir. Mundan başga-da, köp sanly göçme söwda dükanlary göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem seýilgähiň çäginde çagalar üçin medeni-dynç alyş merkezi bar. Bu ýerde körpeler üçin dürli görnüşdäki sallançaklar, hiňňildikler, birnäçe oýunlara niýetlenen meýdançalar bar. Bularyň hemmesi körpeleriň wagtyny şadyýan we gyzykly geçirmegine niýetlenendir.
Seýilgähiň merkezinde äpet syn ediş çarhy hereket edýär. Ýörite künjekde ägirt uly küşt tagtasy bolup, onda paýhas oýnunda ukybyňy synap görmek mümkinçiligi bar. Şeýle hem bu ýerde häzirki zaman tehniki serişdeleriň üsti bilen çagalaryň wagtyny şadyýan geçirmekde aýratyn orun eýeleýän birnäçe gyzykly we başdan geçirmeli oýunlar toplumy bar. Seýilgähiň ylgaw we welosiped ýodalary sportuň bu görnüşleriniň muşdaklaryna niýetlenendir. Umuman, seýilgähde wagtyňy şadyýan we gyzykly geçirmek hem-de sport bilen meşgullanmak üçin zerur mümkinçilikler bar.
Seýilgähiň maşgala bolup dynç almagy halaýanlar üçin ähmiýetlidigini bellemeli. Daşkendiň «Aşgabat» seýilgähinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny, pagtaçylygyny, türkmen dutaryny we ahalteke bedewini alamatlandyrýan heýkeller hem-de kompozisiýalara orun berlipdir. Hazar deňziniň, ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyplygy Türkmenistana mahsus bolan ösüşi, döredijiligi we sagdyn durmuş ýörelgelerini görkezýär.
Özbegistanyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç alýan söýgüli dynç alyş künjegi bolan Daşkentdäki «Aşgabat» seýilgähi, iki ýurduň arasyndaky mizemez dostlugyň aýdyň nyşanydyr.
«Milli goşun».