Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaý Halk
Respublikasynyň arasynda özara ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine
esaslanýan hyzmatdaşlyk täze many-mazmun esasynda baýlaşdyrylýar. Taryhyny
gadymy Beýik Ýüpek ýolundan alyp gaýdýan gatnaşyklar iki ýurduň halklarynyň
bähbidine yzygiderli ösdürilýär. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaýa amala
aşyran dostluk saparynyň dowamynda geçiren ýokary derejedäki duşuşyklary
hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berdi. Şeýle hem
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda
saparda bolan hytaý wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikler, gazanylan
ylalaşyklar iki ýurduň milli bähbitleriniň ählumumy ösüş maksatlary bilen
sazlaşykly utgaşýandygynyň aýdyň mysaly boldy.
Hormatly Prezidentimiz HHR-iň Başlygy Si Szinpine
Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylyk hatyny ugratdy. Munuň özi türkmen-hytaý
gatnaşyklarynda täze sahypany açmak bilen, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna
badalga berer. Si Szinpin hem döwlet Baştutanymyzyň çakylyk hatyny kabul edip,
öz gezeginde, jogap hatyny iberdi. Bu hatda şeýle bellenilýär:
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly jenap Prezident!
Siziň iberen çakylyk hatyňyzy aldym.
Siz uzak wagtyň dowamynda hytaý-türkmen
gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda tagalla edýärsiňiz, iki ýurduň arasyndaky däp
bolan dostlugyň dowam etdirilmegine ägirt uly goşant goşýarsyňyz hem-de dürli
möhüm ugurlarda özara hyzmatdaşlyga ýardam edýärsiňiz. Men muňa ýokary baha
berýärin. Men hytaý-türkmen hemmetaraplaýyn gatnaşyklarynyň strategik
hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin we Siziň bilen ýakyn
gatnaşyk saklamaga taýýardyryn. Türkmenistana gelip görmäge çakylygyňyz üçin
Size hoşallygymy beýan edýärin. Iki tarap üçin hem amatly bolan wagtda
ýurduňyza sapar bilen barmaga taýýardyryn. Iki ýurduň Daşary işler
ministrlikleri bu mesele boýunça ýakyn aragatnaşykda bolup bilerler.
Siz öz hatyňyzda Hytaý bilen Türkmenistanyň
arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde birnäçe iri taslamalary ýatlapsyňyz. Hytaý
tarapy iki ýurduň arasynda dürli ugurlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň
çuňlaşdyrylmagyny yzygiderli goldaýar. Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky
hyzmatdaşlyk boýunça komitet degişli başlangyçlary düýpli öwrenip, olary
degişli şertlerde durmuşa geçirip biler. Hytaý tarapy Türkmenistan bilen
bilelikde gatnaşyklaryň täze aýdyň nusgalaryny döretmek we “Hytaý —
Türkmenistan bitewi ykbal bileleşiginiň” mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak
ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.
Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk,
işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Dostlukly türkmen halkyna bolsa
bagtyýarlyk, parahatçylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.
Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.