Asylly däbe görä, şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabarasyna
gatnaşdy. Bu waka bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk duýgusyny döretdi.
Ak mermerli Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem”
medeni-dynç alyş merkezinde giň möçberli Täze ýyl baýramçylygy geçirildi.
Meýdançanyň merkezinde depesi “2026” ýazgyly, sekizburçly ýyldyz bilen bezelen
Baş arça diňe bir dabaranyň geçirilýän esasy künjegi bolman, eýsem, türkmen
halkynyň mizemez jebisliginiň, abadançylygynyň hem nyşanydyr. Paýtagtymyzdan,
Arkadag şäherinden, ähli welaýatlardan gelen ýaşajyk ildeşlerimiz üçin bu gün
Aşgabat täsinlikler dünýäsine öwrüldi. Meýdança ýygnanan çagalary şatlyk
duýgusy gurşap aldy. Arçany bezeýän oýnawaçlaryň öwüşginleri, dürli reňkli
çyralardyr bezegler ýagty geljege ynam döredýän ägirt uly baýramçylygyň
buşlukçysy boldy.
Erteki gahrymanlarynyň keşbini janlandyran çagalaryň
şatlyk-şowhuny meýdançany açyk asmanyň astyndaky teatr sahnasyna öwürdi.
Daş-töweregi gurşap alan, dürli yşyklar bilen bezelen baglar baýramçylyga
mahsus jadyly görnüşleri döredýär.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize sabyrsyzlyk
bilen garaşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň bu baýramçylyk çäresine gatnaşmagy
ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladalaryň aýdyň nyşany bolup durýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulagy dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Bu
ýerde çagalar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik we şatlyk duýgusy bilen
garşylap, gül desselerini gowşurdylar hem-de hoşallyklaryny beýan etdiler.
Körpeleriň ýerine ýetiren goşgulary Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň bagtyýar
çagalarynyň çuňňur hoşallygynyň nyşanyna öwrüldi.
Joşgunly aýdym-sazlaryň astynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde ajaýyp Täze ýyl arçasynyň ýanyna
barýar. Bu ýerde baýramçylygyň baş gahrymanlary bolan Aýazbaba bilen Garpamyk
hem-de ýylyň müçeleriniň keşplerini janlandyran körpeler Arkadagly Gahryman
Serdarymyzy Täze ýyl baýramy bilen gutladylar. Aýazbaba çagalar barada edilýän
aladalar üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden
hoşallygyny beýan etdi.
Soňra körpeleriň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýaş
aýdymçylaryň, çagalar tans toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly
kompozisiýalary hemmelere Täze ýyl şatlygyny paýlady. Hormatly Prezidentimiz
eziz Watanymyzyň geljegi bolan şadyýan çagalaryň çykyşlaryna uly gyzyklanma
bilen tomaşa etdi.
...Uly şatlyk-şowhun bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan
aýlanmak baýramçylygyň ýatdan çykmajak pursady boldy. Ýylanyň we ýylkynyň
keşbini janlandyrýan lybaslary geýen çagalar döwlet Baştutanymyzdan özleri
bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagyny haýyş etdiler. Arkadagly Gahryman
Serdarymyz körpe nesliň wekilleri bilen bilelikde dostlugy, parahatçylygy,
bitewüligi, jebisligi alamatlandyrýan bu baýramçylygyň şatlygyny paýlaşdy.
Soňra dabara gatnaşan ähli çagalara Täze ýyl sowgatlary
gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen
bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde Baş arçanyň ýanynda
surata düşdi. Bu dabara Türkmenistanda çagalaryň sazlaşykly ösmegi we bagtyýar
durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmegiň ileri tutulýan ugur bolup
durýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli
hoşlaşdy we olara Täze ýyly şadyýan garşylamagy, ajaýyp gyşky dynç alşy,
okuwlarynda üstünlikleri arzuw edip, awtoulagynda Söwda-senagat edarasynyň
binasyna tarap ugrady. Bu ýerde çagalar döredijilik toparynyň, estrada
aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň gatnaşmagynda Täze ýyl şüweleňi
dowam etdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Söwda-senagat edarasynyň
baýramçylyk öwüşgininde bezelen uly zalyna barýar. Bu ýerdäki gözel arçanyň
daşynda Aýazbaba we Garpamyk, 2026-njy ýylyň nyşany bolan ýylky, baýramçylyk
lybasly köp sanly ýaşajyk aşgabatlylar, paýtagtymyzyň myhmanlary bar. Olaryň
ählisi döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Baýramçylyk dabarasyna hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň
Hökümet agzalary öz çagalarydyr agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl
mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik
wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri
çagalary bilen gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz estrada aýdymçylarynyň, teatr we
sirk artistleriniň, folklor-tans toparlarynyň, çagalar döredijilik
toparlarynyň, şol sanda çagalar baglarynda terbiýelenýänlerden başlap, dürli
ýaşdaky zehinli çagalaryň çykyşlaryna tomaşa etdi. Baýramçylyk äheňinde bezelen
sahnada Täze ýyla bagyşlanan ruhubelent aýdym-sazlaryň, joşgunly tanslaryň
utgaşmagynda täsirli pursatlara beslenen çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Çagalaryň
baýramçylyk mynasybetli dürli dillerde ýerine ýetiren goşgulary dabara
gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Şeýle hem birnäçe aýdymçylar, döwlet derejesindäki
bäsleşikleriň, halkara döredijilik festiwallarynyň ýeňijileri ajaýyp eserleri
bilen çykyş etdiler. Olar Täze ýyl mynasybetli dünýä halklarynyň, türkmen
kompozitorlarynyň häzirki zaman aýdymlaryny, nusgawy eserleri, horeografik
çykyşlary öz içine alýan ýörite medeni maksatnamany taýýarlapdyrlar.
Tomaşaçylar Türkmen döwlet gurjak teatrynyň,
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar
bilen garşyladylar. Olaryň çykyşlary ýygnananlaryň ruhuny has-da belende
göterdi. Döwlet sirkiniň artistleriniň döredijilik işgärleri täsin galdyryjy
çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýakymly täsirleri döretdi. Ýaşajyk zehinler hem
öz başarnyklary bilen hemmelere şatlyk paýlap, türkmen sungatynyň,
medeniýetiniň uly geljeginiň bardygyny aýdyňlyk bilen görkezdiler.
Täze ýyl baýramy mynasybetli dabara gatnaşan bagtyýar
çagalara sowgatlar gowşuryldy we süýjülik torty hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary ýetip gelýän Täze ýyl
bilen gutlady hem-de dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Bu gün paýtagtymyzyň şaýollary, seýilgähleri,
jemgyýetçilik ýerleri ajaýyp Täze ýyl lybasyna beslendi. Özboluşly
kompozisiýalar, yşyklandyryjy bezegler ähli ýerde gözel görnüşleri emele
getirýär. Baýramçylyk dabaralary her bir öýe, her bir maşgala ýagşy arzuwlary,
şatlykly pursatlary, baýramçylyk täsinliklerini eçilýär.