milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
20.11.2018 975 Habarlar

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan wajyp wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, ilki bilen göni aragatnaşyga döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewi çagyrdy. Ol häzirki döwürde döwlet konserniniň düzüminde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna işjeň çykarmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti 11—14-nji noýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen “ADIPEC-2018” halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy, forumyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi, olaryň barşynda ýurdumyzyň energetika syýasaty, bu ulgamda gazanylan sepgitler, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň nebitgaz ulgamynda işleýän kompaniýalarynyň bu ägirt uly gaz geçirijiniň taslamasyny amala aşyrmaga gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändikleri beýan edildi. Gaz geçirijiniň türkmen bölegi boýunça taslama resminamalary taýýarlanyldy, gurluşyk işleri bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar, şunda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi baş potratçy hökmünde çykyş edýär.

“Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Global Pipe Company” kompaniýasynyň (Saud Arabystany Patyşalygy) arasynda TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginde gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek üçin polat turbalary satyn almak barada baglaşylan şertnama laýyklykda sargyt edilen önümleri Dammam portundan Hazaryň üsti bilen Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna getirilip başlanyldy. Bahasy ABŞ-nyň 40 million dollaryna deň bolan bu şertnamany Saud ösüş gaznasy maliýeleşdirýär.

Häzirki güne çenli bellenilen möhletlere laýyklykda Mary welaýatyndaky “Ymambaba” demir ýol bekedine önüm ýüklenen 175 wagon gelip gowuşdy, bu ýere eýýäm 4 müň 956 metr turba düşürildi. Şeýlelikde, ýurdumyza iki tapgyrda jemi 35 müň metrden gowrak polat turbalar getiriler. Munuň özi tutuş sebit ähmiýetli gurulýan halkara gaz geçirijide alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň baş şertini üpjün eder. Şu günler getirilen polat turbalary gurluşyk meýdançasyna daşamak we gurnamak işleri dowam edýär.

Mundan başga-da, döwlet konserniniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa bolan iş saparynyň dowamynda ýapon işewür düzümleriniň wekilleri bilen gepleşikler geçirilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň kesgitlenilendigini habar berdi. Ýaponiýanyň nebitgaz pudagynda iş alyp barýan kompaniýalary dünýä ýüzünde ygtybarly we işlemek üçin ähli mümkinçilikler döredilen hasaplanylýan türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýärler.

Owadandepede tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly sintetik benziniň önümçiligi boýunça ýene bir zawody hem-de Gyýanlydaky polimer kärhanasynyň ikinji tapgyryny gurmak barada teklipler aýdyldy.

Soňra döwlet ministri Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy—2018” atly XXIII halkara maslahaty we sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşy ýaly, ýurdumyzda geçirilýän sergä dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-ä golaý kompaniýa we 200-e golaý wekil gatnaşar. Munuň özi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Halkara serginiň we maslahatyň çäklerinde foruma gatnaşýan kompaniýalaryň wekilleri bilen gepleşikler geçirilip, ýurdumyzyň ýangyç serişdelerini daşary ýurt bazarlaryna ugratmak hem-de nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýadarlary çekmek arkaly iri möçberli taslamalary amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmegiň we onuň eksport mukdaryny artdyrmagyň Türkmenistanyň häzirki döwürde alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendigini belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmek boýunça işlenilip taýýarlanylan maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň çözgüdine gönükdirilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pudaga dünýäniň ösen tejribesini, maýa goýum serişdelerini çekmekde aýratyn wajypdygyny nygtady we bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän halkara sergilere, maslahatlara gatnaşmagyň möhümdigini belläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy üçin daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň uly ähmiýetini nygtady. Türkmenistanda şeýle çäreleri yzygiderli geçirmek bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde saklanylmalydyr.

Milli Liderimiz ozal gazanylan ylalaşyklar esasynda gelip gowuşýan turbalar barada aýtmak bilen, turbalaryň TOPH halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşynda kuwwatly itergi berjekdigini aýdyp, şolaryň gaz geçirijiniň gurluşygynyň barýan ýerine eltilmegi we olary gurnama işleriniň degişli derejede alnyp barylmagy babatda zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.

Ýaponiýa bilen köp ugurlar, aýratyn-da, nebitgazhimiýa pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň okgunly ösüşini kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekde hem ýapon işewürleriniň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmelere işjeň gatnaşmaklary üçin ähli mümkinçilikleriň dörediljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň özara ynam esasynda iki dostlukly halkyň bähbitlerine ösdürilmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, bu ulgamda möhüm hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrüljek Aşgabatda boljak nebitgaz forumynyň ähmiýetini belläp, wise-premýere “Türkmenistanyň nebiti we gazy—2018” atly halkara serginiň we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazmyradow häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan işleriň ekologiýa derejesi, Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisinde kabul edilen çözgütler esasynda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeler, şeýle hem tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýer gaznasyny döretmek hem-de ýer kadastryny işläp taýýarlamak boýunça maksatnamany ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan çäreler barada habar berildi.

Gaznanyň ýer bölekleri bellenilen tertipde hususy önüm öndürijilere berildi, olar eýýäm 2019-njy ýyldan başlap, täze şertlerde pagta, däne, bakja ekinlerini, ýeralma we beýlekileri ýetişdirmek üçin zerur işleri ýerine ýetirmäge girişdiler.

Tebigaty goramak baradaky edaranyň ýolbaşçysynyň hasabatynda şeýle hem Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde Hazarýaka döwletleriniň ugurdaş düzümleri bilen bilelikde deňiz gurşawynyň bioköpdürlüligini baýlaşdyrmak we goramak, onuň arassalygyny saklamak deňiz guşlarynyň we balyklaryň ösüş we köpeliş aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek boýunça möhüm işleriň geçirilýändigi bellenildi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalygy toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň degişli düzümleriniň ýerlerde alyp barýan işlerine nägilelik bildirip, milli Liderimiz oba hojalygynda başy başlanan özgertmeleriň haýal alnyp barylýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarp ýerleri özleşdirmek boýunça ýer kadastrynyň işlenip taýýarlanylmagynyň möhüm wezipe bolup durýandygyny belläp, düýpli seljermeleriň hem-de takyk hasaplamalaryň geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz bu ugurda bar bolan ähli meseleleri gyssagly çözüp, ýagdaýy düzetmek babatda komitetiň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berip, Türkmenistanyň “Ýer hakynda” bitewi Kanunyna laýyklykda, bölünip berlen ýer bölekleri daýhanlaryň peýdalanyşy baradaky we beýleki maglumatlary öz içine alýan hasabatlary yzygiderli taýýarlamagyň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň amatly ekologiýa ýagdaýyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bu ugurda geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy, olar halkara talaplara laýyk gelmelidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz kenarýaka önümçilik kärhanalarynyň işlerinde ekologiýa ülňüleriň talaplaryna laýyk gelmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty ýurdumyzyň bilim ministri M.Geldinyýazowyň hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Ministrler Kabinetiniň 16-njy noýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary üçin degişli hünärmenleri taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagy ugur edinýän bilim ojaklaryny döwrebap derejede enjamlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim berýän orta we hünär okuw mekdepleriniň durkuny täzelemek, olary ähli okuw kitaplary we gollanmalar bilen üpjün etmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär.

Mysal üçin, ýurdumyzyň mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdeplerinde hünär derejesini ýokarlandyryş bölümleri işleýär, olarda yzygiderli okuwlar geçirilýär.

Okuwlary guramagyň häzirki zaman usulyýetleri esasynda okatmagyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleriň çäklerinde ýaşlaryň hünärleri saýlamagy üçin degişli mümkinçilikleri döretmek, talyplary ylmy işler bilen meşgullanmaga höweslendirmek ugrunda bilim ulgamyna öňdebaryjy dünýä tejribesi, ýokary tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bilim edaralarynyň döwrüň talaplaryna we häzirki zaman ülňülerine laýyk derejede kämilleşdirmek, täze sapaklary, aýratyn-da, sanly ulgam bilen baglanyşykly sapaklary girizmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz gürrüňi dowam edip, ösüp barýan ýaşlara bilim-terbiýe bermek bilen bir hatarda, mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň arasyndan has zehinlilerini ýüze çykarmak, olary degişli hünärler boýunça ugrukdyrmak meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belledi.

Täze okuw mekdeplerini açmak, olaryň konsepsiýasyny taýýarlamak boýunça wezipeleriň çözülmeginiň jogapkärçilikli çemeleşmegi hem-de taýýarlyk işleriniň geçirilmegini talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz degişli düzümler bilen bilelikdäki utgaşykly işiň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin zerur hünärmenleriň taýýarlanylmagyny esasy ugur edinýän bilim edaralarynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmelidigini aýtdy we bu babatda ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Sylabow pensiýalary, döwlet kömek pullaryny bellemek boýunça alnyp barylýan işleriň hereket edýän kanunçylyga laýyk derejede ýola goýlandygy we degişli tölegleriň bökdençsiz üpjün edilýändigi barada hasabat berdi.

Şeýle hem geljek ýyldan başlap, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada habar berildi, munuň özi ilatyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek boýunça geçirilýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň maksatlaryna laýyk gelýär. 
Bellenilişi ýaly, munuň üçin zerur maliýe serişdeleri hasaplanyp, döwlet býujetiniň taslamasyna girizildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, türkmenistanlylaryň durmuşy we zähmet çekmekleri üçin, olaryň dünýä ülňüleri derejesinde durmuş abadançylygyny üpjün etmek ugrunda mynasyp şertleri döretmek meseleleriniň hemişe döwletimiziň üns merkezinde boljakdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak baradaky pudaklaýyn edaralaryň işini kämilleşdirmek, bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni we iň gowy ýörelgeleri ornaşdyrmak boýunça işler aýratyn ähmiýete eýe bolýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda ministre anyk görkezmeleri berdi.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlyk CAREC Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahatynyň geçişi, onda kabul edilen çözgütler barada hasabat berdi. Şeýle hem 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler hakynda aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, Aşgabatda Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň mejlisine Maksatnama degişli ýurtlaryň, şeýle hem Aziýanyň ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, CAREC-niň institutynyň Ýewropa Täzeleniş we ösüş bankynyň, Halkara pul gaznasynyň, BMG ÖM-niň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň hem birikdirilmegi bilen Merkezi Aziýa energetika ulgamyny kemala getirmek işini tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şunlukda, ýurdumyzdan goňşy döwletlere elektrik energiýasynyň iberilýän möçberlerini artdyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleriň döredilmeginiň möhümdigine üns berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet düzüminde alnyp barylýan işlere ünsi çekip, bu ugurda häzirki zaman tejribesiniň we täzeçil usullaryň işjeň özleşdirmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny degişli düzümler bilen bilelikde taýýarlamak babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl ýurdumyzyň CAREC ýaly abraýly Maksatnama başlyklyk etmegi bilen energetika, söwda, gümrük meseleleri, ulag, syýahatçylyk, ykdysady zolaklary döretmek we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigini belläp, forumyň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän ulgamynda häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, maliýe we ykdysadyýet toplumyna degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumynda amala aşyrylýan işleriň möhüm durmuş-ykdysady wezipeleri çözmekde ähmiýetlidigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli kämilleşdirilmelidigini aýtdy. Hususan-da, ýurdumyzyň bank-maliýe ulgamynda durmuşa geçirilýän çäreler döwrüň ösen talaplaryna we halkara ülňülere laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz şonuň bilen bir wagtda degişli pudaklaryň işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna içgin üns berilmelidigini belledi. 

Milli Liderimiz milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň senagat düzümleriniň işiniň netijeliligini artdyrmak, önümçilik kuwwatlyklarynyň işini ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belläp, degişli düzümler bilen bilelikde Döwlet býujetiniň taslamasynyň üstünde işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňledi. Wise-premýer ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, gowaçadan boşan ýerlerde geçirilýän sürüm işleri we beýleki agrotehniki çäreler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda welaýatlarda babadaýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen “ak altyny” iň soňky übtügine çenli ýygnamak, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça işler dowam edýär.

Wise-premýer hasabatyň çäklerinde ekerançylyk ýerlerini gurplandyrmak, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmak we olary aýawly saklamak boýunça işlenilip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça zerur çäreler geçirilýär, munuň özi obasenagat toplumynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberleriniň we hiliniň artdyrylmagy üçin zerur şert bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulmalydygyny, iň täze işläp taýýarlamalaryň we tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmalydygyny belledi. Munuň özi ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin zerurdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekin dolanyşygy, tarp ýerleri özleşdirmek, ýer we suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy ýaly möhüm ugurlara ünsi çekdi.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew türkmen paýtagtyny hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy, ilata köp görnüşli durmuş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Häkim gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş toplumlarynyň, seýilgäh zolaklarynyň, durky täzelenjek desgalaryň taslamalaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Hususan-da, paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täze ýaşaýyş jaý toplumlary bina ediler. Bu taslamalar ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň toplumlaýyn maksatnamasynda göz öňünde tutuldy.

Mundan başga-da, öňde boljak şanly senelere taýýarlyk, şol sanda Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler we şanly seneleriň medeni maksatnamasy barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli künjeklerinde arassaçylyk, abadançylyk işleriniň degişli derejede ýola goýulmagynyň we şäher ilatynyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmeginiň tutuş jemagat hojalygy toplumynyň baş wezipesi bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň bellenilen möhletlerine we hil derejesiniň üpjün edilmegine yzygiderli gözegçiligi etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Taslamalar taýýarlananda ýerli tebigy şertleriň nazarda tutulmalydygyny, olaryň milli äheňde we häzirki döwrüň ruhuna laýyk derejede bolmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz taslamalaryň üstünde işlemegi hem-de olary talabalaýyk derejede taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda alnyp barylýan ähli işleriň, şol sanda täze desgalaryň gurluşygynyň, köçeleri we seýilgäh zolaklaryny abadanlaşdyrmak işleriniň medeni we ekologiýa babatda toplumlaýyn esasda alnyp barylmalydygyny belledi. Şunlukda, adamlar üçin oňyn durmuş şertleriniň döredilmegi üýtgewsiz talap bolmagynda galýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly seneler mynasybetli guralýan dabaralara ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işleri alyp barmalydygyny belledi. Baýramçylyk dabaralarynda milletiň döredijilik ruhy, ýurdumyzyň ýeten derejesi öz beýanyny tapmalydyr diýip, milli Liderimiz şäheriň bezegine hem-de meýilleşdirilen işleriň guramaçylyk derejesine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara alyp barýan işlerinde, ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmekde öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikler, mähriban halkymyza bolsa abadan we bagtyýar durmuş arzuw etdi.