milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli we atly gezelenç etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli we atly gezelenç etdi
04.02.2019 656 Habarlar

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde welosipedli gezelenç etdi, şeýle hem Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, behişdi bedewleri bilen didarlaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen Köpetdagyň eteginde welosipedli gezelenç edip, daşky gurşawyň gözelligini, tebigatyň şu ajaýyp künjegini synlady, bu ýerde döredilen, çäkleri ýylsaýyn giňelýän tokaý zolaklarynda geçirilen işler bilen tanyşdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ahalteke atçylyk toplumyna geldi, bu ýerde asylly däbe görä, behişdi bedewleri bilen didarlaşdy.

Köpetdagyň eteginde ýerleşen Ahalteke atçylyk toplumynda dünýäniň saýlama atlary üçin ajaýyp şertler döredildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhubelent atly bedew bilen didarlaşdy. Bedew eýesini dessine tanap, gulaklaryny keýerjekledip, başyny belent tutup, mähriban Arkadagymyzyň ýanyna geldi.

Mälim bolşy ýaly, sagdynlyk we ruhubelentlik şygary bilen geçen 2017-nji ýylyň başynda dünýä inen taýçanaga mähriban Arkadagymyz Ruhubelent adyny dakypdy. Häzir bedew iki ýaşap, mähriban Arkadagymyzyň seýisçilik zehini we mähri bilen gurşalyp alyndy.

Ruhubelent mähirli garaýşy duýup, döwlet Baştutanymyzyň elleriniň her bir hereketine, sesine diňşirgenip, özüni arkaýyn duýdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhubelende esger ýörişini etmegini yşarat edende, bedew eýesiniň bu sözlerine düşünýän mysaly, belent ruh bilen nyzamly ýörişi amala aşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Miras atly bedewde çapuw ýodasyna çykdy. Milli Liderimiz Miras bilen ýola düşüp, at münmegiň ajaýyp endiklerini nobatdaky gezek görkezdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow atly ýöräp barşyna tebigatyň gözelliklerini synlady.

Ahalteke bedewi täze döwrüň — ylham-joşgun, ruhubelentlik döwrüniň maksatlaryny özünde jemleýän ajaýyp nusga bolup, onuň hereketi ösüşleriň we täze ýeňişleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň okgunly hereketini aňladýar. Bu bolsa «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda-da beýik işleriň, ýagşy dessurlaryň we nurana arzuwlaryň dabaralanmasyny alamatlandyrýar.