Düýn – 27-nji oktýabrda ýurdumyzda
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.
«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly
halkara bäsleşigiň we türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden
geçirilişiniň jeminiň jemlenilmegi ynsanyň wepaly dostlarynyň şanyna geçirilen
baýramçylyk dabaralarynyň ýatda galyjy wakalarynyň biri boldy.
Bäsleşige gatnaşdyrylan alabaýlar
eýeleriniň öwreden endiklerini tomaşaçylara görkezdi. Alabaýlaryň köp sanly
janköýerleri olaryň ajaýyp daşky keşbi bilen birlikde, bäsleşigiň dowamynda
görkezen başarjaňlygyna baha berdiler.
Şunlukda, «Ýylyň türkmen edermen
alabaýy» adyna Akguş atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Ony ösdürip ýetişdiren
hem-de bu bäsleşige taýýarlan Aşgabat şäherinden hususy itşynas R.Kerimowdyr.
Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy –
«Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite
medal, göçme kubok, diplom bilen sylaglanyldy.