Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň
aýrylmaz bölegi bolan alabaý itlerini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny
ulanmak arkaly talabalaýyk saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we olaryň
şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, bu ugurda halk seçgiçiligini ösdürmekde hem-de
kämilleşdirmekde, dünýäniň dürli döwletleri bilen itşynaslyk ugrunda halkara
hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy
däplerini wagyz etmekde hem-de ornaşdyrmakda gazanan uly üstünlikleri üçin we
köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Türkmenistanyň
at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmaly:
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Türkmen alabaýlarynyň merkeziniň müdiri Orazmyrat Rejepgulyýewiç Saparowa,
Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň «Gyzylgum» daýhan birleşiginiň at çopany, hususy itşynas Begenç Aganýazowiç Hanyýewe.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.