Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
institutlary ýurdumyzyň Ýaş alymlarynyň bäsleşigine gatnaşyjylaryň ylmy işlerini
bahalandyrýarlar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary,
şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň harby
talyplary bar.
«Ynsanperwer ylymlary» ugry boýunça bäsleşige
gatnaşýanlaryň biri-de, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby
institutynyň Terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň gumanitar taýýarlyk boýunça
hünärmeni, kapitan Şamyrat Kürräýewdir. Ol «Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda Aý
we ýyldyz şekilleriniň gadymylygy» atly ylmy işini bäsleşige hödürledi.
Ýaş alym öz işinde arheologiýa, etnografiýa ýaly
ylmy we dürli taryhy çeşmelerden, şeýle hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Mertler
Watany beýgeldýär» atly kitabynda görkezilen maglumatlardan peýdalandy. Harby
gullukçy ylmy we taryhy derňew usullaryny ulanyp, Türkmenistanyň Döwlet
baýdagynyň bezeginde türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryna laýyk gelýän
nyşanlaryň ulanylandygyny subut etdi.
Mundan ozal, web-saýtymyzda Ýaş alymlaryň
bäsleşigine gatnaşýan harby gullukçylar we harby talyplar barada habar edipdik.
Degişli makalany şu sahypamyzda okap bilersiňiz!
«Milli goşun».