15.08.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Harby talyplar we harby gullukçylar Ýaş alymlaryň bäsleşigine gatnaşýarlar
Harby talyplar we harby gullukçylar Ýaş alymlaryň bäsleşigine gatnaşýarlar
15.02.2020 726 Harby Bilim

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplary hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary Ýaş alymlaryň bäsleşigine öz ylmy işlerini hödürlediler. Däp bolşy ýaly, bu bäsleşik Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan geçirilýär.

Bäsleşigiň tapgyrlarynyň çäklerinde 30 ýaşyna ýetmedik ýaşlaryň gowy netije görkezjek ylmy işleri emin agzalar topary tarapyndan saýlanylyp alnar. Ýeňijiler üstümizdäki ýylyň 12-nji iýunynda – Ylymlar gününde yglan ediler.

Bäsleşige gatnaşýanlaryň biri-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Döwletgeldi Ilgeldiýewdir. Ol bäsleşigiň emin agzalarynyň garamagyna nanotehnologiýalaryň ulanylmagy bilen agromelioratiw maşynlarynyň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan ylmy işini hödürledi. Harby talybyň ylmy derňewleri ýurdumyzda oba hojalyk pudagyna önjeýli goşant goşup, agromelioratiw tehnikalary üçin sarp edilýän çykdajylary peseltmäge kömek eder.

Bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy Arslan Gulgeldiýew hem öz ylmy işini hödürledi. Ol bäsleşik üçin hukuk medeniýetine we onuň häzirki zaman jemgyýetindäki ornuna bagyşlanan ylmy işini taýýarlady. Bu ylmy iş jemgyýetde hukuk medeniýetini ýokarlandyrmagyň we ösdürmegiň usullaryny öz içine alýar.

Diňe bu däl. Bäsleşige harby talyplaryň we harby gullukçylaryň onlarçasy özleriniň ylmy işlerini hödürlediler. Olaryň ählisiniň-de ýeňşe bolan ynamy uly. Munuň özi nobatdaky gezek Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açmak üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyň subut edýär.

 «Milli goşun».