milli goshun logo
Halkara düzümleriň berýän bahasy, milli goşunumyzyň ösüşiniň şaýady / Azat Annamuradow
Halkara düzümleriň berýän bahasy, milli goşunumyzyň ösüşiniň şaýady / Azat Annamuradow
15.01.2020 545716 Bäsleşik

Türkmenistan özüniň harby kuwwatyny berkitmek bilen, dünýä döwletleriň hatarynda yzygiderli öňe saýlanýar. Dünýäniň takmynan 140 döwletiniň harby kuwwatlylygyny 55 ugur boýunça seljerýän «Global Firepower» halkara kompaniýasynyň 2019-njy ýyl boýunça hasabatynda Türkmenistanyň 5 basgançak ýokary galmagy, milli goşunymyzyň söweşjeň kuwwatynyň berkeýändigine şaýatlyk edýär. Halkara bilermenler toparynyň 2019-njy ýyl boýunça ýyllyk hasabatynda (The Global Terrorism Indeх) diňe Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryň içinde dünýäde iň howpsuz ýurt hökmünde görkezilmegi hem ýöne ýerden däl. Ýurdumyz hiç bir dawalara ýa-da çaknyşyklara goşulmazdan agzalyp geçilen ýokary görkezijileri gazanmagy aýratyn bellärliklidir.

Türkmen harbylaryna berilýän bu baha, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň milli goşunymyzy döwrüň talabyna laýyk ösdürmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, harby kuwwatyny we söweşjeň mümkinçiligini ýokarlandyrmak maksadyna gönükdirilen tagallalarynyň miwesidir. Dünýäde bolup geçýän ýagdaýlaryndan çen tutsak, Milli Liderimiziň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň we hoşniýetli parahatçylyk gatnaşyklarynyň ähmiýeti diýseň uly. Ýurdumyzyň birnäçe abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy aýdylanlary aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Geçen döwrüň içinde harby ulgamda gazanylan üstünlikler barmak basyp sanardan kän. «Milli goşun» web-saýtynyň ulanyşa girizilmegi hem, durmuşa geçirilýän ýüzlerçe başlangyçlaryň biri bolup, döwrüň talabyna laýyk özgerýändiginiň görkezijisidir. Geçen çagyryş möwsüminde we harby bilim ojaklaryna kabul edişlik çärelerinde öňdebaryjy sanly ulgam tejribelerinden peýdalanylmagy, şeýle-de geçen gysga döwrüň içinde Türkmenistanyň Harby Akademiýasynyň we Harby-deňiz mekdebiniň açylmagy, olarda döwrebap bilimiň berilmegi, harby gulluga bolan buýsanç duýgularyňy artdyrýar. Hatda Harby institutyň döwrebap binalar toplumlaryny synlanyňda, harby taýýarlygyň kämilligine aňryýany bilen göz ýetirmek bolýar.

Häzirki günde ýurdumyz dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ençemesi bilen işjeň harby hyzmatdaşlyk saklaýar. Serkerdeler düzümi bilen bir hatarda, harby talyplarymyz hem daşary ýurtlaryň ösen harby ýokary okuw ojaklarynda bilim alýarlar we ukyp başarnygyny kämilleşdirýärler. Netijede, bolsa häzirki zaman bilimleri we tejribeleri milli goşunymyzda yzygider özleşdirilip, ýokary ahlakly, sagdyn bedenli we hakyky watançy harby hünärmenleri taýýarlamaga oňyn täsirini ýetirýär. Bularyň ählisi ýurdumyzda asudalygyň we durnuklylygyň saklanmagyna, mähriban halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny şert döredýär. Şu nukdaýnazardan Watan goragynyň, ähli mukaddeslikleriň we gymmatlyklaryň, galyberse-de hut öz goragyňdygyna düşünmelidiris. Mähriban halkymyz hem ýurdumyzyň goragynyň ynamly gollardadygyna buýsanmaga haklydyr.

Azat Annamuradow,

kapitan.