Bagt näme?! Bu soraga belli bir kesgitleme
berip bolmaz. Bagty diňe duýup bolýar. Ony duýmagyň iň aňsat ýoly bar. Eger sen
bu ýazgyny okaýan bolsaň, diýmek, sen ol ýolda dursuň. Bu hereketi biziň her
birimiz edip gören bolsak gerek. Hemmämiz gulagymyzy ýere goýup topragy diňläp
görüpdik. Sebäbi toprak bize elmydama diňe dogrusyny aýdýar. Biz oňa ýöne
ýerden Ene toprak diýip ýüzlenemizok ahyry. Eneler mydama diňe dogrusyny
aýdýarlar. Geliň, gulagymyz bilen ony eşitmäge, elimiz bilenem ony duýmaga
synanyşalyň! Ene toprak size asudalyk bilen jogap berer, hoşamaý ysy bilen
pikirleriňizi rahatlandyrar. 1-nji – asudalyk. Bu diýmek – ýurdumda
parahatçylyk diýmek, abadançylyk diýmek. 2-nji – hoşamaý ysy. Bu ys halal
zähmetiň, arassa howanyň şypa ysy diýmek. Şu görkezijiler, eýsem, ähli bagtyň
başlangyjy dälmi näme?! Parahat ýurt – başymyň we göwnümiň rahatlygy, abadan il
– dost-doganlygyň sakasy, jana şypa howa – beden hem ruhy saglygyň başy, halal
zähmet – rysgal-berekediň ebedilik çeşmesi. Meniň hakyky bagtym – meniň maşgalam.
Mukaddes Watan maşgaladan başlanýar. Maşgalaňyzdaky parahatçylygy gorañ! Çünki
maşgalanyň bagty – Watanyň bagty!
Tawus Saparniýazowa.