03.06.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Guwanaýyn, Watan, seniň adyňa! / Aýyt Gurbanow
Guwanaýyn, Watan, seniň adyňa! / Aýyt Gurbanow
18.01.2020 454 Bäsleşik

Her gün säher bile oýanan wagtym,

Azanyň sesine ýuwulsyn bagtym.

Gün-günden pajarlap ömür daragtym,

Ulaşsyn-da ädimlerim ädime,

Guwanaýyn, Watan, seniň adyňa!

Gyşlaryň ýazlara çalyşan wagty,

Baglaryň ýapraklap gül açan wagty,

Toýlaryň toýlara ulaşan wagty,

Sesim goşup dutar, gyjak, uduňa...

Guwanaýyn, Watan, seniň adyňa!

Howalanyp gök ümürsin baglaryň,

Biline guşalsa goja daglaryň,

Dünýäň çar künjüne ýaýrap çawlaryň,

Öwrüleňde meniň göwün şadyma,

Guwanaýyn, Watan, seniň adyňa!

Uly ýeňişleri her bir öwrümde,

görüp —

                göge göterilýär göwnüm-de.

Arkadagly Bagtyýarlyk döwründe,

Aýagymy goşup bedew badyňa,

Guwanaýyn, Watan, seniň adyňa!

Parahatlyk bilen daň atyp dursa,

Kanagatlyk bilen Gün batyp dursa,

Nesiller ýaşasa, döretse, gursa —

Men öwrülip iň bagtly adama,

Guwanaýyn, Watan, seniň adyňa!

Aýyt Gurbanow.