milli goshun logo
Güneş gözýetimde... / Abdylazym Rejepow
Güneş gözýetimde... / Abdylazym Rejepow
12.01.2020 2208 Bäsleşik

Güneş gözýetimde şapagy goýup,

Baýyrlaryň arkasyna gizlendi.

Asman täze Aýyň ýüzüni açyp,

Söýgi hakda aýdymyna hiňlendi.

Ig ýaly pyrlanyp şadyýan şemal,

Tüweleýläp barýar baýryň başyna.

Gözel jemalyny görmekçi bolup,

Ýyldyzlar üýşdüler Aýyň daşyna.

Owadan surata öwrüldi gije,

Şäherler, obalar, daglar hem düzler.

Şeýle gözel gije açyk Asmanda,

Bir-birege göz gyrpyşýar ýyldyzlar.

Gije galamyna ýapyşsa şahyr,

Tebigat ýapyşýar «dutar-gyjagna».

Ganat baglap göge uçan aşyklar,

Özüni oklaýar ýaryň gujagna.

Şeýle owadandyr biziň Watanmyz,

Bu jennet diýarda ýaşamak bagt.

Ine, bu jenneti goramak bolsa,

Saňa nesip etdi, eý, gerçek ýigit.

Abdylazym Rejepow.