Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýylynda uly dabaralara beslenip bellenilýän Aşgabat
şäheriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Watanymyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabat Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşlere beslenip, tanalmaz
derejede özgerýär. Aşgabady dünýäniň gülläp ösýän şäherleriniň birine öwürmek maksady
bilen, iri möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär. Dünýä tejribesiniň öňdebaryjy
binagärlik däpleriniň, inženerçilik-tehniki çözgütleriniň milli binagärlik
ugurlary bilen utgaşdyrylýan ak mermerli paýtagtymyzda mähriban halkymyzyň
bagtyýar durmuşyny, döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen
maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da özgertmek,
şäher ilatynyň abadan durmuşy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly
şertleri döretmek, halkyň durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak, täze iş
orunlaryny döretmek, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek, şäherde arassaçylyk
kadalaryny berjaý etmek biziň esasy maksadymyzdyr. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady,
dolandyryş, ylmy, medeni merkezi bolan paýtagtymyzyň ähli gözellikleri, ýaşaýyş
jaýlary, ajaýyp seýilgähleridir suw çüwdürimleri, kaşaň köşkleri,
myhmanhanalary göwnüňi galkyndyryp, kalbyňy güneş kimin çoýýar, ruhuňy
göterýär. Ak şäherimiz Aşgabat bu gün bedew batly ösüşleri, innowasion
tehnologiýalar we iň gowy dünýä tejribesi ornaşdyrylan täze binalary bilen
dostlugyň hem-de myhmansöýerligiň asylly däplerini aýawly saklaýan şäher
hökmünde türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny görkezýär.
Aşgabadyň ak mermerli binalaryň has köp jemlenen
şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, her ýylyň 25-nji
maýynyň Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenip geçilmegi paýtagtymyzyň
halkara abraýyny has-da belende göterýär. Her güni toýdur baýramlara beslenýän
eziz Diýarymyzda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän, paýtagtymyzyň
gözelligini, binagärlik taýdan döwrebaplygyny şöhlelendirýän dabaralar,
sergiler, dürli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň mekdeplerinde guralýan «Soňky
jaň» dabarasy bilen utgaşýar. Baýramçylyklaryň goşalanyp gelmegi bolsa
hoşniýetliligiň, ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň nyşanydyr. Munuň özi
paýtagtymyza, ýaşlarymyza, Watanymyza bolan söýgini has-da artdyrýar.
Häzirki wagtda gözel paýtagtymyz dürli çäreleriň,
halkara derejeli maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň, festiwallaryň
geçirilýän merkezine öwrüldi. Olara dünýäniň onlarça ýurdundan döwlet we
hökümet Baştutanlary, wekiller, syýasatçylar, iri kompaniýalaryň, firmalaryň
ýolbaşçylary we beýleki işewürler işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi soňky ýyllarda
dünýä bileleşigi tarapyndan Türkmenistana, ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwer,
parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň
güwäsidir.
Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen
Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň
(ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna, şeýle hem bu guramanyň öwreniji
şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi, Syýahatçylyk şäherleriniň
bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi dürli syýahatçylyk
ugurlaryny ösdürmekde, şeýle hem şäheriň syýahatçylyk mümkinçiliklerini
artdyrmakda, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Gözel paýtagtymyzyň diplomatiýanyň hem-de bitaraplygyň sebit we halkara merkezi
hökmündäki abraýy-da barha artýar. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň
Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň
ştab-kwartirasynyň ýerleşdirilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli,
dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan ýörelgelerini dabaralandyrýar.
«Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe bolan
paýtagtymyzda amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar Gahryman Arkadagymyzyň
başyny başlan we häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýän,
türkmenistanlylaryň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen
döredijilikli, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda
giňden bellenilýän şanly baýramçylyklara gabatlanyp, baş şäherimizde dürli
maksatly desgalary we ýaşaýyş jaýlaryny açyp ulanmaga bermek asylly däbe
öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»
ýylynda Watanymyzyň ak mermerli paýtagtynda şeýle maksatly desgalaryň gurluşygy
batly depginlerde alnyp barylýar. Watanymyzyň ýüregi ak şäherimiz Aşgabadyň
häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, ajaýyp binagärlik keşbi bütin halkymyzyň
buýsanjydyr, döredijilik kuwwatynyň aýdyň görkezijisidir. Aşgabat dünýäniň iň
gözel we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde öz derejesini barha
berkidýär. Biz berkarar Watanymyzyň ýüregi Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek,
has-da gözelleşdirmek boýunça alyp barýan işlerimizi geljekde-de dowam
etdireris.
Eziz watandaşlar!
Hormatly paýtagtymyzyň ýaşaýjylary!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe gülläp ösüşiň, döredijiligiň, rowaçlygyň, ak arzuwlaryň şäherine
öwrülen gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek
tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala
abadançylygyny, täze zähmet üstünliklerini arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.