Eziz watandaşlar!
Hormatly
adamlar!
Sizi
milli döwletliligimiziň we bitewüligimiziň mukaddes nyşanlary bolan
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs
ýürekden gutlaýaryn.
Adamy
jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän Konstitusiýamyz
hem-de Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň, jebisligimiziň
ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyz biziň milli mukaddesliklerimizdir.
Täzelenişi we ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň
ýüzündäki dünýä nusgalyk haly gölleri milli mertebämiziň, parahatçylygyň,
abadançylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary bolsa ynsanperwerligimiziň
dabaralanmasydyr. Biziň her birimiziň gursagymyzda Watana bolan milli buýsanjy
oýaryp, täze şöhratly menzillere ruhlandyrýan Döwlet tugumyzda şekillendirilen
bäş ýyldyz hem-de ýarymaý agzybirligimiziň we jebisligimiziň sarsmaz
kepilligidir.
Esasy
Kanunymyz biziň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen
hemişelik Bitaraplygymyzyň, dünýäde giňden rowaçlanýan parahatçylyk
söýüjiligimiziň, hoşniýetli goňşuçylygymyzyň, müňýyllyklardan gözbaş alýan
milli ýörelgelerimiziň, demokratik taglymatlarymyzyň berk binýadydyr. Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mukaddesliklerimize daýanyp,
hukuk we dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýetini gurýarys, giň möçberli
durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk özgertmelerini üstünlikli amala aşyrýarys.
Mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan ýylynyň her bir güni Bitarap
döwletimiziň parahatçylygyň we dostlugyň, bagtyýarlygyň hem-de abadançylygyň
ýurdy hökmünde dünýädäki abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän
halkara ähmiýetli taryhy wakalara beslenýär. Eziz Watanymyzda gazanylýan ajaýyp
üstünlikler, aýratyn-da, bu milli baýram mynasybetli Aşgabat şäherindäki
Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynda we Baş baýdak meýdançasynda, Arkadag
şäheriniň, welaýat merkezleriniň hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň
baýdak meýdançalarynda, ähli şäherdir obalarymyzda guralýan baý öwüşginli
dabaralar mähriban halkymyzy uly üstünliklere ruhlandyrýar, agzybirligimizi
has-da pugtalandyrýar.
Eziz
watandaşlar!
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň täze taryhy belentliklere
tarap okgunly öňe barýan döwrüdir. Biz Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer
ýörelgelerine esaslanyp, şeýle hem milli guwanjymyza öwrülen ýaşyl tugumyzy
parladyp, Garaşsyz döwletimiziň iň täze taryhyny döredýäris. Güneşli ýurdumyzyň
parahat we bagtyýar geljegi üçin jebislikde ägirt uly işleri durmuşa geçirip,
dünýä derejesinde ykrar edilýän ýokary ykdysady üstünliklere eýe bolýarys.
Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny öňküden hem berkitmek, Bitarap
döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmak, kuwwatly, köpugurly ykdysadyýeti
döretmek ugrunda täze, has uly wezipeleri durmuşa geçirýäris. Arkadag şäheriniň
gurluşygynyň ikinji tapgyryny, welaýatlarymyzda täze obalarydyr şäherçeleri,
bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryny, innowasion tehnologiýaly
döwrebap önümçilik kärhanalaryny depginli gurýarys. «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ykdysadyýetimiziň ähli
ugurlarynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen, rowaçlyklaryň, bagtly durmuşyň
mekanyna öwrülen berkarar döwletimiziň mertebesini has-da beýgeldýäris.
Eziz
watandaşlar!
Biz
dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik
berkidilen Bitaraplygymyzyň esasy ýörelgelerinden hem-de maksatlaryndan ugur
alyp, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk
ýörelgelerini öňe sürýän Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny yzygiderli
ýokarlandyrýarys. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we
Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly
abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni
gatnaşyklary yzygiderli giňeldýäris. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet
diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämizden ugur alyp, merdana halkymyzyň
döredijilik güýji, watansöýüjilik buýsanjy bilen gazanylýan ajaýyp üstünlikler,
ägirt uly mümkinçiliklerimiz şu günümiziň hem-de geljegimiziň beýikdigini ykrar
edýär.
Eziz
watandaşlar!
Hormatly
adamlar!
Sizi
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen ýene-de bir
gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş,
eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde
uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň
Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.