19.09.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym! / Nurberdi Otuzow
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym! / Nurberdi Otuzow
22.01.2020 2447 Bäsleşik

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym,

Owadan görkana täsin mekanym.

Dillerde tarypyň, elde galamym,

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!


Tuguňda ýerleşen welaýat sany,

Manysyn aňladýar gölleriň bary.

Ak altyn gowaça, bugdaýyň sary,

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!


Paýtagtyň bar merjen şähere dönen,

Daglaňda ajaýyp güllerden çemen.

Adyň bar dünýäde türkmen edermen,

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!


Belent ymaratlaň, belent binalaň,

Ýerleşen her ýerde köne galalaň.

Çägeli çölleriň, deňiz-kenarlaň,

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!


Nurberdi Otuzow,

esger.