9-njy maý şöhratly taryhymyzda şanly
senedir. Bu gün pederlerimiziň duşmana garşy barlyşyksyz göreşde görkezen
deňi-taýy bolmadyk gahrymançylygy, merdanalygy, watansöýüjiligi hem-de mertligi
hormatlanylýar, tylda edermen zähmeti bilen ýeňşe goşant goşanlar ýatlanylýar.
Pursatdan peýdalanyp, «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň adyndan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň mähriban
halkyny, uruş weteranlarymyzy we merdana Watan goragçylarymyzy, 1941 – 1945-nji
ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy bilen tüýs
ýürekden gutlaýarys. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan uruş weteranlaryna, şeýle
hem uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna gymmat bahaly sowgatlaryň dabaraly
ýagdaýda gowşurylmagy hormat-sarpanyň nyşanydyr.
Ata-babalarymyzyň merdanalyk ýoly ösüp
gelýän ýaş nesillerde belent watançylyk duýgusyny ösdürmekde nusgalykdyr. Olaryň
edermenligi we ýanbermez gaýduwsyzlygy nesilleriň kalbynda şan-şöhratly
ýatlamalar bolup müdimilik ýaşar. Biz – harby gullukçylar gahrymanlaryň öňünde
baş egýäris! Çünki hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň belleýşi ýaly: «Merdana
ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş
adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir».
«Milli goşun».