milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy
2 gün öň 74 Habarlar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapar bilen ugrady.

Birnäçe sagatdan Gahryman Arkadagymyzyň uçary Kazanyň Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Tatarystanyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline gondy. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde Milli Liderimizi Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow hem-de ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Milli Liderimiz we Rustam Minnihanow bilelikde Kazan Kremliniň töweregini synladylar. Soňra Gahryman Arkadagymyz bilen Tatarystanyň Baştutanynyň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşler dürli pudaklarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň netijelerine aýratyn üns berip, gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar. Yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejeli saparlardyr duşuşyklar hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge itergi berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günler geçirilýän «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026» XVII halkara ykdysady forumynyň Tatarystanyň barha artýan halkara abraýyna şaýatlyk edýändigini aýtdy hem-de Kazanyň şu ýylda “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Rustam Minnihanowy we Tatarystanyň halkyny tüýs ýürekden gutlap, bu forumyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutany şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halklaryna parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.