Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
uly ruhubelentlik bilen garşy alynýan 2026-njy ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan
edilmegi mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun, eziz
Watanymyzyň gülläp ösmegi, Bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki
abraý-mertebesiniň has-da belende göterilmegi ugrunda alyp barýan beýik
başlangyçlaryňyz hemişe rowaçlyklara beslensin!
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda türkmen halky belent ösüşleri,
rowaç menzilleri nazarlap gelýän täze — 2026-njy ýyly ýokary ruhubelentlikde,
zähmet üstünlikleri, beýik ýeňişler bilen garşylaýar. Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly ýatdan çykmajak taryhy wakalar, içeri hem-de daşary syýasy
ähmiýetli ösüşler bilen dabaralandy. 2025-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň
34 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy giňden bellenildi. Täze ýylda
hem ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň barha kuwwatlanmagyna, halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, milli medeniýetimiziň dünýä
ýaýylmagyna, ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmegine gönükdirilen beýik işleriň uly
rowaçlyklara beslenjekdigine ynanýaryn.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde
ägirt uly özgerişler amala aşyryldy, durnukly ösüşiň binýady pugtalandyryldy.
Älemi haýrana goýýan özgerişleriň, bedew batly ösüşleriň şöhratly eýýamynda —
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda gazanylýan
ösüşler ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siz halkymyzyň durmuşynda uly orun eýeläp, tebigy
gözelligi bilen bütin dünýäni haýrana goýýan, türkmen halkynyň göz guwanjy,
uçar ganaty bolan ahalteke bedewlerimize çäksiz hormat-sarpa goýýarsyňyz. Siziň
baştutanlygyňyzda täze taryhy döwürde Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky
Halkara atçylyk akademiýasynyň açylyp ulanmaga berilmegi, «Galkynyş» milli at
üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan halkara ýeňişleri türkmen atçylyk
sungatynyň abraýyny has-da artdyrýar.
Türkmen halky ençeme maddy gymmatlyklary döreden,
umumadamzat medeni hazynasyna uly goşant goşan halkdyr. Ahalteke atçylyk
sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň
biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna
girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke
bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da şöhratlandyrdy.
Siziň taýsyz tagallalaryňyz netijesinde beýik ösüşleri
nazarlaýan ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty belent derejelere
göterilýär. Halkymyzyň arassa ganly behişdi bedewleri ajaýyp döwrümiziň
gözelligine görk goşýan maddy hem ruhy baýlyk hasaplanýar. Ahalteke atlaryna
«asman atlary», «behişdi bedewler» diýlip mynasyp baha berilýär. Häzirki
bagtyýar döwrümizde ahalteke bedewiniň buýsançly şekili Türkmenistanyň Döwlet
tugrasynyň merkezinde orun alandyr. Bedew atlarymyz milletimiziň buýsanjy bolup
Ýer ýüzüne ýaň salýar.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Siziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we
ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyňyzda belleýşiňiz ýaly, ahalteke
bedewi, türkmen alabaýy diňe bir Türkmenistanyň milli baýlygy däl, eýsem, bütin
dünýäniň medeni mirasy bolup durýar. Türkmen bedewi eziz Watanymyzyň
döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine okgunlylygynyň, milli mirasyň
dowamatlylygynyň ajaýyp beýanyna, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň aýdyň
nyşanyna öwrüldi. Bu günki gün ahalteke bedewi ýurdumyzyň üstünlikleriniň
belent nyşany, ata-babalarymyzyň amala aşan arzuwynyň wysalydyr.
«At — myrat» diýen paýhasly jümläni döreden halkymyz
nurana arzuwlaryny, beýik maksatlaryny bedewler bilen baglanyşdyrypdyr.
Gözelligiň we kämilligiň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi
Türkmenistanyň täze taryhy eýýamdaky okgunly ösüşleriniň baş nyşanyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz!
Sizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe
barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda uly dabaralar bilen garşy
alynýan 2026-njy ýylyň eziz Diýarymyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli türkmen
halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli,
umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.